ÝDÖB türkmen hususyýetçileri üçin işgärleri dolandyrmak boýunça okuw sapaklaryny guraýar

ÝDÖB türkmen hususyýetçileri üçin işgärleri dolandyrmak boýunça okuw sapaklaryny guraýar

Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalarynyň ýolbaşçylaryny 2021-nji ýylyň 26-njy aprelinden 30-njy iýuny aralygynda geçiriljek Telekeçiler üçin işgärleri dolandyrmak boýunça gysga wagtlaýyn okuwlaryň tapgyry atly onlaýn okuwlara çagyrýar.

Islendik kompaniýanyň üstünlikli işlemegi birnäçe ýagdaýlara bagly bolup, olaryň arasynda iň möhümi işgärleri akylly-başly dolandyrmakdyr. Çünki bu başarnyk kompaniýanyň öňünde goýan maksadyna ýetmekde we girdejilerini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Teklip edilýän onlaýn okuwlarda size:

kompaniýada işgärleri dolandyrmak ulgamynyň häzirki ýagdaýyny seljermek; meýilnamalaşdyrmak, saýlamak, baha bermek we hak tölemek babatynda işgärleri dolandyrmak ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur kararlary kabul etmek; işgärleri dolandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin dünýäniň iň ösen tejribesinden peýdalanmak.

Okuwlar üç tapgyrda geçiriler:

I: Işgärleri meýilleşdirişiň ýollary;

II: Işe almagyň ýollary we usullary;

III: Höweslendirme, baha bermek we hak.

Okuwlar barada has giňişleýin maglumat üçin we onuň meýilnamasy bilen tanyşmak üçin şu salgylara ýüzlenip bilersiňiz.

Okuw bilen gyzyklanýanlar 5-nji aprele çenli orazovaz@ebrd.com e-poçta salgysyna ýüz tutmaly.

Ýene degişli makalalar

ÝDÖB Türkmenistanyň hususy bilim edaralary üçin okuw geçirýär
ÝÖDB “Dowzah derwezesini” ýapmak üçin Türkmenistana kömek eder
ÝDÖB-iň hasabaty: 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6,2% ösdi
ÝDÖB Hazaryň türkmen ýalpaklygynda işleýän kompaniýa karz bermekden boýun gaçyrdy
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Wekiliýeti Türkmenistanda Saparda Boldy
Azatlyk - türkmenleriň 'öz sesi' 70 ýaşady