"Ýeke özi öýde" filmi täzeden surata düşürildi

"Ýeke özi öýde" filmi täzeden surata düşürildi

Disney+ platformasynyň wekilleri eýýäm täzeden surata düşürilen “Ýeke özi öýde” filminiň çykaryljak senesini yglan etdiler. Film 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Disney+ hyzmatynda peýda bolar diýip, 7days.ru habar berdi.

Filmde baş keşbi Taýka Waýtitiniň “Jojo Towşan” filminde baş keşbi janlandyran Arçi Ýeýtes ýerine ýetirer. Şol filmde Arçi esasy gahrymanyň dosty Ýorkiniň keşbini janlandyrypdy.

Täze film “Ýeke özi öýde: öýüm, mähriban öýüm” ("Home Alone: Home, sweet home") diýlip atlandyryldy. Onda Ýaponiýa uçup barýarka ene-atasy tarapyndan öýünde ýatdan çykarylan oglan Maks Merseriň başdan geçirenleri görkeziler. Öýüň ululary ýok mahaly Maks asyl "Ýeke özi öýde" filmindäki Kewin ýaly, jaýy ogrulardan goramaly bolýar.

Filmde talaňçylaryň keşbinde kimleriň çykyş etjegi entek belli däl. Ýöne olaryň filmde talaňçy är-aýalyň keşbini janlandyrmaly boljakdygy aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri 2
Galibaf: ABŞ-nyň Eýrana garşy maýa goýumlary medeniýet pudagyna üýtgedi
Köp brendli Artishok Home Concept dükany ajaýyp gap-gaçlary we aşhana enjamlaryny alyjylara ýetirýär
Ynkylabyň ýokary derejeli lideri: Yslam respublikasy ulumsylygyň ýedi kelleli aždarhasyny şowsuz edendir
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideriniň, Eýranyň global ulumsylygyny yza çekendigini nygtamaklary
Hermitage Home Interiors çaga otagynyň özboluşly bezegini işläp düzýär
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Yragyň Eýrana garşy alyp baran söweşi, eziji düzgüniň imperiýa strategiki syýasatynyň netijesidir