Ýene-de üç ýyldan Ford Focus önümçilikden aýrylar

Ýene-de üç ýyldan Ford Focus önümçilikden aýrylar

Forduň Ýewropa şahamçasy 2025-nji ýylda Saarluisedäki zawodynda Focus-lar maşgalasynyň önümçiligini tamamlamagy meýilleşdirýär. Şahamçanyň ýolbaşçysy Stýuart Rouliniň Automotive News neşirine habar berşine görä, bu kompaniýanyň elektrokarlary goýbermäge ýöriteleşdirilýändigi bilen baglydyr.

Ford Focus-yň önümçiligi tamamlanandan soň, onuň häzirki goýberilýän zawody ýa-ha ýapylar, ýa-da başga öndürijä satylar.Rouliniň sözlerine görä, kompaniýa häzirlikçe kärhanany saklap galmagyň çözgüdini tapmady.

Häzirki wagtda konweýerde Focus-yň ýerini eýeläp biljek model babatynda Forduň hiç hili meýilnamasy ýok.Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglar ýygnalandaky bilen deňeşdirilende, elektrokarlaryň önümçiligi üçin işgär az gerek bolar.

Ford öz elektromobilleriniň hataryny giňeltmegi göz öňünde tutýar, emma olary Kýolniň zawodlarynda we Ispaniýanyň Walensiýasynda ýygnar.

Ýene degişli makalalar

Ford üç gapyly Fiesta hetçbeginiň önümçiligini bes edýär
Täze Ford Mustang meýilleşdirileninden ýarym ýyl öň tanyşdyrylar
Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy
Ford 2023-nji ýylda Fiesta hetçbegini önümçilikden aýrar
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
THÝ-nyň Kýoln saparlary goý bolsun edildi