Ford 2023-nji ýylda Fiesta hetçbegini önümçilikden aýrar

Ford 2023-nji ýylda Fiesta hetçbegini önümçilikden aýrar

Ford konserniniň Ýewropa bölünmesi 2023-nji ýylda — modeliň peýda bolanyndan 46 ýyl we sekiz nesil geçensoň ykjam Fiesta-nyň maşgalasyny öndürmegini bes eder. Bu islegiň pese düşmegi we kompaniýanyň elektrifikasiýalaşdyrmaklyga tarap häzirki umumy ugry bilen bagly diýip, Autocar ýazýar.

Ford Fiesta islegiň peselmeginde gönüden-göni bäsdeşlerini (ilkinji nobatda Opel Corsa-ny), şeýle-de Forduň ýewropa hataryndaky beýleki modelleri — meselem, platformadaş Puma wsedorožnigini günäkärleýärler.Eger Fiesta isleg tomsuň ahyryna çenli, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 45% (39 müň nusga çenli) pese gaçan bolsa, onda Ford Puma-nyň bu döwür içinde 90 müňdenem gowrak nusgasy satyn alyndy.

Fordda bu ýagdaý barada golaýdaky aýlaryň dowamynda goşmaça maglumat berjekdiklerini aýdyp, düşündiriş bermekden boýun gaçyrdylar. 2026-njy ýyla çenli kompaniýa 600 müň elektrokara çenli satmagy, on ýyllygyň aýagyna çenli bolsa içinden ot alýan hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiliginden doly ýüz öwürmegi göz öňünde tutýar. 2025-nji ýylda Ford Focus-yň maşgalasynyň önümçiligini hem ýatyrmagy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Ford awtoulag faralarynyň täze neslini görkezdi
Ford dünýä boýunça 3000 işgärini işden çykarar
Şagyzy Diananyň ulanan awtoulagy auksionda satyldy
Şa zenany Diananyň awtoulagy 765 müň dollara satyldy
Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler