Ford awtoulag faralarynyň täze neslini görkezdi

Ford awtoulag faralarynyň täze neslini görkezdi

Ford awtoulag faralarynyň tehnologiýasynyň haýsy ugra tarap ösjekdigini görkezýän wideosyny çykardy. Bu ulag kysmynyň wekilleriniň sözlerine görä, kompaniýa häzir faralaryň täze nesliniň üstünde işleýär.

Olar diňe bir ýoly ýagtylandyrmak bilen çäklenmän, sürüjä tizligiň çäklendirilmeli ýerini duýduryp ýa-da nawigasiýa ulgamynyň maglumatlaryny gös-göni asfaltyň ýüzüne çykaryp bilýärler.Hususan aýdanda, oturdylan proýektoryň kömegi bilen islendik maglumaty görkezmek mümkin.

Meselem, garjagazy görkezip, sürüjä öňde sürçekligiň bolmagynyň mümkindigi duýdurylar.Sürüjiniň gözüniň öňündäki ýola şekilleri çykarmak funksiýasynyň üstünde işleýäniň diňe bir Ford däldigini belläliň.Mysal üçin, şeýle tehnologiýalar Mercedes-Benz-de, Volkswagen-de we beýleki kompaniýalarda hem bar.

Ýene degişli makalalar

Gibrid ulaglaryň sany artýar
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
Ford dünýä boýunça 3000 işgärini işden çykarar
Şagyzy Diananyň ulanan awtoulagy auksionda satyldy
Şa zenany Diananyň awtoulagy 765 müň dollara satyldy
Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler