Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasy 20,213 Adama Ýetdi

Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasy 20,213 Adama Ýetdi

Saglygy goraýyl ministri Fahrettin Koja Hataý welaýatynda beren beýannamasynda merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde 20,213 adamyň ýogalandygyny, 80,052 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Ministr Koja harabalyklaryň aşagyndan halas edilen 20 müň raýatyň gyssagly bejergilerinden soň awia we awto tiz kömek ulaglary we deňiz ýoly arkaly başga welaýatlara ugradylýandygyny aýtdy.

Tebigy apatlar we gyssagly ýagdaýlar edarasyndan berilen beýannama görä bolsa ýer titreme sebitinden başga şäherlere göçürilenleriň sany 86,857 adam.

7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde ýykylan binalaryň aşagynda galan raýatlary halas ediş işleri üznüksiz dowam edýär.

Kilis we Şanlyurfa welaýatlarynda gözleg-halas ediş işleriniň gutarandygy habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Baýden Putin Ukrainadan Çekilýänçä Çaknyşyklaryň Bes Edilmejekdigini Aýtdy
Hytaýda 6 Aý Soň Kovid-19 Sebäpli Adam Pidasy Çekildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Peskow Russiýanyň Ukrainadan Täze Ýyla Çenli Çekilmejekdigine Ünsi Çekdi
Donbassyň Şäherlerinde Agyr Ýitgi Çekildi
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar