Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar

Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar

Ýöne tarp ýerde demokratiýa barada pikir döretmek üçin bir Dünýä Türkmenleri däl on Dünýä Türkmenleri gepleşigi gerek bolar. Şonuň üçin, gepleşik mümkin boldugyndan maglumatlary süzmäge, elekden geçirmäge we sadalaşdyrmaga synanyşýar.

Programmada eşitdirilýän makalany Maksat Ataýew taýýarlady.Makalanyň awtoryna bir ýerli türkmen intelligensiýa wekili özüniň demokratiýa barasyndaky pikir-garaýyşlary we analizleri bilen, şeýle-de “türkmen demokratiýasynyň” häzirki hal-ahwaly baradaky teswirleri bilen ýardam berdi. Şeýle-de, gepleşigiň taýýarlanylmagynda onlaýn çeşmelerden peýdalanyldy.

Gepleşigiň başynda ýerli intelligensiýa wekiline sagbol aýdyp, söze başlaly!

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Freedom House guramasynyň soňky demokratiýa hasabatynda Türkmenistan “erkin däl” ýurt hasaplanýar. Gurama Türkmenistanda syýasy azatlyklaryň ýagdaýyna 40 baldan 2-lik bal, raýat azatlyklarynyň ýagdaýyna bolsa 60 baldan 2-lik bal berdi.

Syýasy we raýat azatlyklary demokratiýanyň özenini düzýän esasy elementlerdendir. Erkin saýlawlar, kanunyň rüstemligi, häkimiýetiň bölünişigi, halkyň hakynyň halk mejlisinde şöhlelenmegi, deňlik, demokratik plýuralizm, hökümet we oppozisiýa, jemgyýetçilik pikiriniň alga alynmagy we beýleki şahalar demokratik döwlet dolandyrylyşynyň esaslarydyr. Söz azatlygy, pikir azatlygy, hereket azatlygy, metbugat azatlygy, din azatlygy, ýygnanyşmak azatlygy, umuman adam hukuklarynyň ählisi demokratiýanyň hereketlendirijileridir.

Artykmaçlyklary we ýetmezçilikleri bilen demokratiýa, köplere görä, modern dünýäniň iň kämil döwlet dolandyryş ulgamy hasaplanýar. Demokratiýanyň tankytçylary bar, tarypçylary bar, ýöne her halda bu ulgam her jemgyýetiň özüne mahsus aýratynlyklary bilen dürli kontekstde dürli görnüşlerde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanda “syýasy paýhas” garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri “demokratiýa” ýerli öwüşgin çaýmagyň aladasyny edýär.

Gözbaşyny gadymy grekleriň syýasy paýhasyndan, asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan modern demokratiýa, ylmy çeşmelere görä, wagtyň synagyndan geçdi, şol bir wagtyň özünde, ümmülmez ewolýusiýany başdan geçirdi.

Ýöne dürli çeşmelere görä, greklerden ozal hem demokratiýanyň ol ýa-da beýleki tebigy alamatlaryny gadymy taýpa jemgyýetleriniň durmuşynda görmek bolýar.Geçirilen barlaglar gadymy taýpa jemgyýetlerinde “il ýaşulylarynyň” köpçüligi gyzyklandyrýan wajyp meselelerde karar kabul etmek prosesine gatnaşandyklaryny görkezýär.

Bu nukdaýnazardan demokratiýany ilkidurmuş adamlary üçin tebigy taýdan dörän syýasy ulgam hasaplamak mümkin.Sebäbi, çaklamalara görä, nirede aw awlamaly, aw oljasyny haýsy düzgünler boýunça paýlaşmaly diýen ýaly meseleler köpçüligiň islegi bilen “taýpa ýaşulylarynyň” gatnaşmagynda kararlaşdyrylypdyr.

Ekerançylygyň ösmegi bilen ilkidurmuş adamlary oturymly durmuşa geçdi. Oturymly durmuş şertleri öz ýany bilen çylşyrymly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny getirdi. Adamzat ýüz ýyllyklaryň dowamynda monarhiýanyň, diýdimzorlygyň, aristokratiýanyň we oligarhiýanyň gapanyna düşdi. Demokratiýa sözi ilkinji gezek miladydan ozal 500-nji ýyllarda Gadymy Gresiýada ýüze çykdy. Gadymy grekler we gadymy rimliler demokratiýa ymtyldy.

Demokratiýa halk häkimiýeti. Häkimiýeti halk saýlaýar. Halk häkimiýetiň işine göni gatnaşýar.

Ýöne “halk” kim? Ähli raýatlarmy, ýa-da jemgyýetiň belli bir gatlagymy? Demokratiýa giňişligi haýsy syýasy institutlaryň kömegi bilen guramalaşdyrylýar?

Gadymy Gresiýa şäher döwletlerinden ybaratdy.Afina gadymy grek şäher döwletleriniň biridir.Gadymy Afinada raýatlyk nesilden nesle geçýärdi, ýöne häkimiýeti saýlaýan halk 18-20 ýaşdan ýokary raýatlar bilen çäklenýärdi.

Hökümetiň merkezinde “Eklesiýa” atlandyrylýan Halk Maslahaty bardy.Halk Maslahatynyň agzalary ýylda 40 gezek Akropolisiň golaýynda ýygnak geçirýärdi.Olar ses bermek arkaly karar kabul edýärdi, el galdyrmak arkaly ses berýärdi.

Halk Maslahatynyň agzalary raýatlara wekilçilik edýärdi.Bu demokratik proses miladydan ozal V-IV asyrlara, mundan tas 2500 ýyl ozalky döwürlere gabat gelýär.

Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary giňdi, ýöne şonda-da çäklidi. Maslahatyň gün tertibini “500-ler Geňeşi” atlandyrylýan geňeş kesgitleýärdi. Halk Maslahatyndan tapawutlylykda “500-ler Geňeşiniň” agzalary “deme” atlandyrylýan 139 kiçi ilatly punktda köpüň saýlan wekillerinden ybaratdy. Her ilatly punktdan ilat sanyna görä wekil saýlanýardy.

Gadymy Afinada ýene bir möhüm syýasy institut “dikasteriýa” atlandyrylýan kazyýetlerdi.Kazyýetiň Halk Maslahatyna, Geňeşe, magistratlara we syýasy liderlere gözegçilik etmek üçin bimöçber ygtyýarlyklary bardy.Halk kazyýetleriniň agzalary 30 ýaşdan ýokary raýatlardan düzülen ýörite raýat toparlary tarapyndan saýlanýardy. Ýörite raýat toparlarynyň agzalary hem saýlaw ýoly bilen kesgitlenýärdi.

Gadymy Afinadaky döwlet institutlary ýönekeý raýatlaryň şäheriň syýasy durmuşyna nä derejede işjeň gatnaşandygyna güwä geçýär.

Miladydan ozal, 411-nji ýylda Afina bilen Sparta şäheriniň arasyndaky uruşlardan peýdalanyp, “400-ler topary” atly bir topar Afinada häkimiýeti ele geçirdi we harby oligarhiýa esaslandyrdy. Ýöne bir ýyla ýetmän şäher döwletinde demokratiýa täzeden dikeldildi.

Gadymy greklerde demokratiýa modern demokratiýadan düýpli tapawutlanan bolmagy mümkin, ýöne her näme-de bolsa, demokratiýanyň esasy talaplary grek şäher döwletlerinde amal edilýärdi.

Gadymy Gresiýada halk hökümeti esaslandyrylýan wagty, italýan ýarym adasyndaky Rim şäherinde-de şeýle hökümet esaslandyryldy. Ýöne rimliler öz döreden sistemasyna “respublika” adyny berdi. Respublika sözi Latyn sözi bolup, “halkyň zady”, “halk meselesi”, “halk gatnaşyklary” diýen ýaly manylary berýär.

Halk häkimiýetiniň esaslaryna düşünmek üçin Sokratyň, Eflatunyň, Aristoteliň, galyberse-de, renesans döwründen Jon Lokuň (John Locke), Monteskonyň, Žan-Žak Russonyň demokratiýa taglymatlaryna salgylanmak bolar, ýöne başda-da belleýşimiz ýaly, bu köp Dünýä Türkmenlerini talap eder.

Ýöne ýüzleý esasy pikirlere salgylansak, meselem, Aristotel “hakyky döwlet adamsynyň diňe bir iň gowy abstrakt taglymatdan habarly bolmaly däldigini, eýsem onuň şertlere we ýagdaýa iň laýyk gelýän ulgamlardan habarly bolmalydygyny” aýdýar.

Iňlis filosofy Jon Lokuň ynanjyna görä, eger-de halkda kanun çykarmak hukugy we ýerine ýetiriji häkimiýeti bellemek hukugy bar bolsa, bu kämil demokratiýadyr. Eger-de halk häkimiýeti az sanly adama, olaryň mirasdüşerlerine we yztutarlaryna tabşyrsa, onda bu, Lokuň ynanjyna görä, oligarhiýadyr. Eger-de häkimiýet bir adamyň elinde jemlense, iňlis pelsepeçisine görä, bu monarhiýadyr.

Fransuz syýasat taglymatçysy Montesko üç häkimiýet görnüşine şeýle düşündiriş berýär.Eger-de diňe bir adam kabul edilen kanunlara laýyklykda döwlet dolandyrsa, bu monarhiýadyr; eger-de diňe bir adam öz erk-islegine we “kaprislerine” laýyklykda hökümeti dolandyrsa, bu despotizmdir; respublikan ýa-da halk hökümetinde, fransuz syýasat taglymatçysyna görä, halk wekillerinden ybarat topar ýokary häkimiýete eýe bolýar. Ýöne Monteskonyň ynanjyna görä, isle respublikan, isle demokrat, isle aristokrat dolandyryşda häkimiýet wekilleri halk bähbidini ileri tutmaly.

Žan-Žak Russo demokratiýa belli bir derejede pessimist çemeleşipdir.

"Eger-de halk taňrylardan düzülse, diňe şolaryň hökümeti demokratik hökümet bolup bilerdi. Bu derejede kämil hökümet adam üçin däl” diýip Russo köp çeşmede sitirlenýär.

Türkmen demokratiýasy barasyndaky gürrüňe dolansak, başda-da belleýişimiz ýaly, Türkmenistanda “syýasy paýhas” garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri “demokratiýa” ýerli öwüşgin çaýmagyň aladasyny edýär.

Ýatlasak, Saparmyrat Nyýazowyň “demokratiýa” bagyşlap, ýazan (!) goşgusy bir gysym erkin intelligensiýanyň arasynda garşylyk we jedel döretdi.

“Daýhan, bagban boz topragyň eýesi/ Maldar eýe süri-süri malyna/ Suw mugt/ Gaz mugt/ Tok mugt munda ebedi/ Türkmen eýe ata-baba ýoluna/ Howp hatarsyz ýatyp turýar sag-aman/ Ynha, meniň erkin demokratiýam!” diýip, Nyýazow, göräýmäge, “demokratiýany” has-da sadalaşdyrdy.

Ýöne indi Türkmenistanda suw, gaz, tok mugt däl. 2019-njy ýylda bular ýatyryldy. Üstesine, bu ýeňillikler Nyýazowyň goşguda aýdyşy ýaly ebedi hem däl ekeni. Daýhanyň we maldaryň goşgudaky eýeçiligi şol wagt hem, häzir hem, köplere görä, sorag astynda.

“Meniň iň uly demokratiýam adamlaryň sag-aman ýatyp-turmagy, ulus-iliň sag-aman ojagyndan örmegi, türkmeniň arkaýyn toýuny toýlap, sadakasyny bermegi” diýip, Nyýazow özüniň demokratiýa baradaky garaýyşlaryny we syýasatyny beýan edipdi.

Häzir, ulus-iliň sag-aman ojagyndan örýäni sorag astynda, ilatyň köp bölegi daşary ýurtlarda migrant işçi, “türkmeniň arkaýyn toýuny toýlap, sadakasyny berýäni” hem sorag astynda, sebäbi daşarda bir topar türkmen migrantlary öz ilinde ne toý-märekä, ne-de sadaka gatnaşyp bilýär.

Baş kanun Türkmenistany demokratik, deňhukukly döwlet atlandyrsa-da ýeri gelende “döwlet wagzy” demokratiýanyň ähmiýetini peseldip görkezmäge synanyşdy. Ýgsa, Türkmenistanyň iň iri syýasy partiýasy kagyz ýüzünde Demokratiýa partiýasy atlandyrylýar.

“Garaşsyzlygyň gymmaty ony esassyz töwekgelçiliklere sezewar ederden juda beýikdir” diýip, Nyýazow “esassyz töwekgelçilikleri” aýdyňlaşdyrmazdan söz sözläpdi. Ýöne bu ýerde gürrüň demokratiýa barada barýar. “Syýasy wagyzçylar” türkmen liderleriniň ýörelgäni ýörelgäniň hatyrasyna, usuly usulyň hatyrasyna ulanmaýandygyna buýsandylar. Demokratiýany usul hasapladylar.

“Demokratiýa serişdedir, usuldyr. Demokratiýa çokunylýan hem sežde edilýän keramat däldir” diýdiler. Ýöne çokunmak we sežde etmek hökmanmy!?

“Milletiň ruhy “ekme” demokratiýadan has çuňňur zat” diýdiler.

Şeýde-şeýde, Türkmenistan demokratiýa boýunça halkara hasabatlarda iň yzdaky orunlary eýeleýär. Galyberse-de, “demokratiýa entek halkyň taýýar däldigi” barada argumentler öňe sürüldi.

“Demokratiýa maşgalada başlaýar” diýip, bir ýerli intelligensiýa wekili Dünýä Türkmenlerine ýazmaça gürrüň berýär. Onuň bilen ylalaşman bolmaýar.

Synçynyň sözlerine görä, käbir maşgalalarda diýdimzorlyk höküm sürýär; kämil çykan ogul-gyzlara durmuşda öz ýoluny saýlamak hukugy berilmeýär.

Ol bir maşgalanyň mysalynda “şahsy erk-islegiň gysylyşyny” gürrüň berdi.

Şeýle-de, ýerli synçy käbir maşgalalarda giň ýaýran “gorky faktoryna” üns çekýär. Onuň sözlerine görä, käbir maşgalabaşy erkek adamlar ýanýoldaşlaryna we ogul-gyzlaryna basyş edýär. Bu ýagdaý aýal-gyzlary agyr ýagdaýa salýar. Ýatlasak, fransuz metbugaty maýyň ortalarynda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisiniň öz aýalyny we gyzyny urmakda güman edilýändigini habar berdi.

“Maşgalabaşy erkek adam öz güýjüni öz maşgalasyna görkezýär” diýip, ýerli synçy aýdýar.

“Ogul-gyzlar saýlamak mümkinçiliginden mahrum edilýär” diýip, ol sözüne goşýar.

“Türkmen gelini mydama agzy ýaşmakly bolmaly. Ýaşmagyň aşagyndan gürlemeli däl. Diýleni etmeli. Gaýyn ene, gaýyn ata näme diýse şolaryň hyzmatynda bolmaly” diýip, synçy gürrüňe dowam edýär.

Ol “ýaşmak medeniýetiniň” gelinleri söz aýmakdan mahrum edýändigini gürrüň berdi.

Galyberse-de, ýerli synçynyň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda raýatlaryň din-wyždan azatlygy berk çäklendirilýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda metbugat azatlygyny, söz azatlygyny, raýatlaryň hereket azatlygyny, din-wyždan azatlygyny, ýygnanyşmak azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýärler.

Ýöne diňe bir raýat azatlyklary däl, eýsem, halkara hasabatlara görä, syýasy azatlyklar hem berk çäklendirilýär. Şeýle-de, halkara hasabatlara görä, häkimiýetler hökümeti çala tankyt eden adamlary “watan dönükliginde” aýyplaýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýat azatlyklaryny kepillendirýär. Ýurduň kanunçylygy adam hukuklaryna uly orun berýär. Ýöne synçylara görä, kabul edilýän kanunlar iş ýüzünde amal edilmeýär.

Göräýmäge, Türkmenistanda oba geňeşlikleri bar, etrap geňeşlikleri, şäher we welaýat halk maslahatlary bar. Galyberse-de, Milli Geňeşde halkyň erk-islegine wekilçilik edilýändigi aýdylýar.

Ýurtda 181 agzalyk Milli Geňeş hereket edýär. Kanunçylyk Milli Geňeşi kanun çykaryjy, wekilçilikli edara atlandyrýar.

Kämil häkimiýet ulgamlarynyň ýene bir aýratynlygy hem häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgelerine eýerilmegidir. Türkmen Konstitusiýasyna görä, Türkmenistanda halk häkimiýetiň gözbaşydyr. Ýöne ýerli synçynyň tassyklamagyna görä, halk syýasy durmuşdan üzňe saklanýar.

Muňa garamazdan, resmi metbugat türkmen jemgyýetinde gadymdan gelýän demokratiýa däpleriniň saklanyp galandygyny öňe sürýär.

Demokratiýany bir kesgitleme bilen çäklendirmek kyn. Kämil demokratiýada halk wekilleri syýasy prosese päsgelçiliksiz gatnaşýar, raýatlar saýlaw hukugyndan peýdalanýar, ýurduň gün tertibini raýatlar kesgitleýär, azatlyklar kepillendirilýär, azat we adalatly saýlawlar geçirilýär, garaşsyz maglumat akymyna ýol berilýär.

Ylmy çeşmeler demokratiýanyň peýdalary barada maglumat berýär: demokratiýa halklaryň zalym awtokratlar tarapyndan dolandyrylmagynyň öňüni alýar; demokratik hökümetler beýlekilere garanyňda gülläp ösýär; demokratik hökümetlerde bilim, saglyk we ş.m-ler babatda adam ösüşiniň görkezijileri ýokary bolýar; demokratiýa adamlaryň öz bähbitlerini goramaklaryna ýardam berýär; galyberse-de, diňe demokratik ulgamlar esasy azatlyklaryň bökdençiz amal edilmegine rugsat berýär; diňe demokratiýa halkyň öz kabul eden kanunlary astynda dolandyrylmagyna mümkinçilik berýär; diňe demokratiýa ýokary derejede syýasy deňlik hödürleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Türkmenleri: 2021-nji ýylyň jemleri
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)
GDA-dan bolan dalaşgärler 25-nji noýabra çenli Russiýanyň ÝOM-laryna mugt girip bilerler
Russiýada GDA-nyň wekilleri üçin mugt okuw orunlary köpeldiler
Russiýada mugt okamak üçin hasaba alnyşyk başlandy
Dünýäde iň uly ülje ýetişdirildi