Ýagyşly ýaryşyň ýeňijisi — Werstappen

Formula 1 boýunça möwsümiň 10-njy ýaryşy Germaniýa “Gran Prisinde” Maks Werstappen ýeňiji boldy. Ýagyş sebäpli birnäçe çaknyşyk bolan ýaryşy 7 sürüji tamamlap bilmedi. “Hokkenhaýmring” trassasynda geçen ýaryşda 64 aýlawy 1 sagat 44 minut 31,275 sekuntda tamamlan “Red Bull Racing Honda” toparynyň gollandiýaly sürüjisi Maks Werstappen 1-nji orny eýeledi.

Bu onuň şu ýylky 2-nji, karýerasyndaky 7-nji ýeňşidir.Münberiň 2-nji basgançagyna “Ferrari” toparynyň nemes sürüjisi Sebastian Wettel çykdy.Iň soňky hatardan başlan ussat sürüjiniň öz janköýerleriniň öňünde görkezen tagallasy ýeňiş üçin ýeterlik bolmasa-da, ol tomaşaçylardan uly alkyş aldy. “Toro Rosso” toparynyň russiýaly sürüjisi Daniýl Kwýat pellehanadan 3-nji bolup geçmegi başardy. Ýaş sürüji karýerasynda 2-nji gezek hormat münberine mündi.Bäsleşige ilkinji hatardan başlan umumy sanawyň lideri Lýuwis Hamilton ýaryşy 11-nji hatarda tamamlady. Ýöne ýaryşyň tamamlanan gününiň ertesi bäsleşigi 78-nji hatarda tamamlan “Alfa Romeo” toparynyň sürüjileri Kimi Raikkonen bilen Antonio Jowinazziniň jerime almagyndan soň, Hamilton 2 basgançak öňe süýşdi.

Netijede, ýatdan çykmajak bu ýaryşda Lans Stroll, Karlos Saýns, Aleksander Albon, Kewin Magnusson, Lýuwis Hamilton hem-de Robert Kubisa 410-njy ýerleri eýelediler.Geçirilen 11 ýaryşdan soň, 225 utuk toplan Hamiltonyň liderligi dowam edýär.

Bu ýaryşy utuksyz tamamlan Waltteri Bottas 2-nji (184 utuk), Maks Werstappen 3-nji (162) hatarda barýar. “Ferrari” toparynyň sürüjileri Sebastian Wettel bilen Şarl Lekler degişlilikde, 141 we 120 utuk toplap, 45-nji ýerleri paýlaşýarlar.

Möwsümiň indiki ýaryşy 4-nji awgustda Wengriýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

35 ýyllyk rekord täzelendi
F1-iň täze möwsümi başlaýar
“Ferrari” ýalňyşýar, Werstappen ýeňiş gazanýar
Çempion çempionlygyny goramagy başardy
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Çempionyň 50-nji ýeňşi