“Ferrari” ýalňyşýar, Werstappen ýeňiş gazanýar

Formula 1 boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy Wengriýada geçirildi.Paýtagt Budapeştdäki 4,3 kilometrlik “Hungaroring” trassasynda geçirilen ýaryşda “Red Bulluň” niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňişji boldy.

Ol 10-njy hatardan bat alan ýaryşynda 70 aýlawy 1 sagat 39 minut 35,912 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki 8-nji, karýerasyndaky 29-njy ýeňşini gazandy. “Mercedes” toparynyň britan sürüjileri Werstappenden 7,8 sekunt yza galan Lýuwis Hamilyon 2-nji, karýerasynda ilkinji gezek 1-nji hatardan başlan Jorj Rassell 3-nji ýeri eýeledi. “Red Bulluň” meksikaly sürüjisi Serhio Peresiň 5-nji bolan ýaryşynda “Ferrari” toparynyň sürüjileri Karlos Saýns Junior 4-nji, wagtal-wagtal 1-nji orna geçen Şarl Lekler 6-njy ýere mynasyp boldy. “Ferrari” topary taktiki babatda ýene-de ýalňyşlyklar goýbereni üçin Maks Werstappen ýeňiş gazandy.

Geçirilen 13-nji ýaryşdan soň arany ýene-de açyp başlan Werstappen utugyny 258-e ýetirdi. Ondan 80 utuk yzda barýan Şarl Lekler 2-nji, 173 utukly Peres 3-nji orunda barýar. 158 utugy bolan Rassell 4-nji, 156 utukly Saýns Junior 5-nji ýeri eýeleýär.

F1-iň indiki ýaryşy bir aýa golaý arakesmeden soň, 28-nji awgustda Belgiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
35 ýyllyk rekord täzelendi
Ferrariden Lekler Formula-1-de Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy
Maks Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Öz rekordyny täzeledi