Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Yragyň Prezidenti Abdul Latif Jemal Raşid Azerbaýjana resmi sapar gurady. Azerbaýjanyň Preizdenti İlham Aliýew yrakly kärdeşi bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň ahyrynda iki ýurduň arasynda 4 ylalaşyga gol çekişildi.

21-nji noýabrda Täjigistanyň Prezidenti İmamali Rahmon Russiýa resmi sapar gurady. Kremlde geçirilen Putin-Rahmon duşuşygyndan soň iki ýurduň arasynda 8 ylalaşyga gol çekişildi. Gazanylan ylalaşyga laýyklykda Russiýa Täjigistana 8 sany S-300 howa goranyş ulgamyny berdi.

21-nji noýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew Britaniýanyň Döwlet ministri Nusrat Ganini kabul etdi. Duşuşykda Gazagystan-Britaniýa gatnaşyklarynyň ýeten sepgidine kanagatlanma bildirildi. Söwdadan we ykdysadyýetden jogapkär minstr Gani, Gazagystanda 550 iňlis firmasynyň iş alyp barýandygyny beýan etdi.

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Bakuw şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Parlamentar Assambleýasynyň döredilen gününiň 15 ýyllygy mynasybetli “TÜRKPA: Geçmişiň tejribesi, Şu günüň hakykatlary we Gelejekden tamalar” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata TÜRKPA agza ýurtlaryň halk deputatlary, halkara guramalarynyň baş sekretarlary gatnaşdylar.

22-nji noýabrda Bakuwda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň İşjeň merkeziniň Sessiýasy geçirildi. Sessiýa gurama agza ýurtlardan 20 ministr gatnaşdy.

23-nji noýabrda Minisk şäherinde Kolektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň Sammiti geçirildi.Sammite Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Russiýanyň we Täjigistanyň döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar.Dar we giňeldilen formatda geçirilen maslahatlardan soň 15 ylalaşyga gol çekişildi.

MAslahatda gol çekişilen esasy ylalaşyk hökmünde guramanyň çökgünliklere gyssagly çare görmegi hakynda ylalaşygy görkezmek mümkin.Maslahata gatnaşmadyk Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, şol gün Russiýadan ýarag almak üçin töleg tölandiklerini, emma henize çenli şol ýaraglary almandyklaryny beýan etdi.

2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Bakuwda BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite ykdysady maksatnamasynyň Sammiti geçirildi.Sammite Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Täjigistanyň Prezidentleri, Gruziýanyň we Wengriýanyň Premýer-ministrleri, BMG-niň başda durmagynda halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäginde özara duşuşyklar geçirildi.Sammitiň çäginde Bakuwda Ýörite maksatnama degişli ýurtlaryň sergisi geçirildi.BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite ykdysady maksatnamasy 1998-nji ýylda başladylypdy.

2023-nji ýylyň 22-nji noýabrnda Bişkek şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Diaspora işlerinden jogapkär Mİnistrleriň we guramalaryň Ýolbaşçylarynyň 5-nji maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Wengriýadan, Özbegistandan we Türkiýeden degişli ministrler bilen resmi adamlar gatnaşdylar.

25-nji noýabrda Daşkent şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň Din işleri guramalarynyň Başlyklarynyň 4-nji maslahaty geçirildi. Maslahata gurama agza ýurtlaryň Din işler guramalarynyň ýolbaşçylary bilen ministrleriň orunbasarlary gatnaşdylar. Maslahatyň ahyrynda Türkiýe bilen Özbegistanyň Din işleri edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekişildi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy