Ýewraziýanyň çeşmeleri näme üçin dünýä açylar?

Ýewraziýanyň çeşmeleri näme üçin dünýä açylar?

Eziz ildeşler. Energetikanyň gün tertibi atly gepleşigimiziň bu hepdeki sanynda energiýanyň täze ugurlaryny jikme-jik ýagdaýda ele alarys...

Türkiye nebit we tebigy gaz ätiýaçlary taýdan baý bolan Ýakyn gündogar we Hazar sebiti ýurtlary bilen şol energiýa çeşmeleriniň giňden sarp edilýän Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ýerleşýän möhüm ähmiýete eýe bolan ýurtdyr. Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda köpri ýagdaýynda bolan Türkiye tebigy gaz liniýalary bilen hem möhüm ähmiýete eýe bir ülkedir. 7 halkara tebigy gaz geçiriji turba liniýasy bilen 2 halkara nebit geçiriji turba liniýasy Türkiyäniň üstünden geçýär.

Geljek döwürde bu sanyň artmagyna we liniýalaryň kuwwatlyklarynyň artmagyna garaşylýar.

Ukraina-Russiýa söweşinden soň Ýewropa tebigy gaz akymlarynyň ep-esli azalmagy Türkiyäniň ähmiýetini hasam artdyrdy.

Şol taslamalaryň iň möhüm bolanlary Azerbaýjan bilen alynyp barylýan TANAP, Russiýadan Anadola uzap gidýän Mawy Akym we Türk Akymy taslamalary öň hatara çykýar.

HD. Geliň indi bolsa şol taslamalara jikme-jik ýagdaýda ser salalyň.

Günbatar Liniýasy (Russiýa-Türkiye tebigy gaz geçiriji turba liniýasy)

Jemi 845 km uzynlygyndaky liniýa, Bolgariýa serhedindäki Malkoçlar diýilýän ýerden girip Ankara çenli gelip ýetýär. Liniýa 1993-nji ýylda iň ýokary çägi bolan 6 milliard kub metr mukdara ýetdi.

Mawy Akym (Russiýa-Samsun-Ankara tebigy gaz geçiriji turba liniýasy)

2003-nji ýylda işläp başlan Mawy Akym taslamasynyň, Türkiyäniň territoriýasyndaky bölegi Samsundan başlap, Amasýa, Çorum, Kyrykkale welaýatlarynyň üsti bilen Ankara çenli gelip ýetýär.

Mawy Akym tebigy gaz geçiriji turba liniýasy bilen ýyllyk 16 milliard kub metr tebigy gaz Türkiyä ugradylýar.

Türk Akym geçiriji liniýa taslamasy

Liniýa 2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda açyldy. Türk Akym taslamasynda her biri 15,75 milliard kub metr bolmak bilen jemi 31,50 milliard kub metr gaz daşamak mümkinçiligine eýe 2 aýry liniýa bar. Ady agzalan 15,75 kub metrlik bir liniýa Türkiyäni, beýleki 15,75 milliard kub metrlik liniýa bolsa Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün edýär.

TANAP Azerbaýjan-Türkiye (Şa Deňiz I) tebigy gaz geçiriji turba liniýa taslamasy

Azerbaýjanyň Şa Deňiz I ýatagyndan çykarylýan tebigy gazyň Gruziýanyň üstaşyr Türkiyä daşalmagy maksady bilen gurulan Azerbaýjan-Türkiye (Şa Deňiz I) tebigy gaz geçiriji turba liniýa taslamasy, 2007-nji ýylda işlemäge başlady.

TANAP-yň Gruziýa-Türkiye serhedinden Eskişehir welaýatynda ýerleşýän çykalga nokadyna çenli bolan bölegi 2018-nji ýylyň 30-njy iýunynda işläp başlan bolsa, Eskişehir welaýatyndan Türkiye-Gresiýa serhedine çenli bolan bölegi 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda işlemäge başlady. Ýewropadaky desgalaryň işläp başlamagy bilen birlikde 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda TAP tebigy gaz geçiriji turba liniýa taslamasynyň üsti bilen Ýewropa tebigy gaz ugradylmaga başlandy.

Liniýa bilen Türkiyä ýyllyk 6 milliard kub metr, Ýewropa bolsa 12 milliard kub metr tebigy gaz eksport edilýär.

Liniýanyň göterijilik ukybynyň kem-kemden 24 milliard kub metre, soňra bolsa 31 milliard kub metre ýetirilmegi maksat edinilýär.

Eýran Türkiye tebigy gaz geçiriji turba liniýasy (Gündogar Anadoly esasy tebigy gaz liniýasy)

Bu liniýa bilen Eýran başda bolmak bilen ýurduň gündogaryndaky çeşmelerden alynjak tebigy gazyň daşalmagy maksat edinilýär. 2001-nji ýylyň ahyrynda işledilip başladylan, takmynan 1491 km uzynlygyndaky Gündogar Anadoly esasy tebigy gaz liniýasynyň ýyllyk möçberi 10 milliard kub metr derejesindedir. Emma Tährandan gözbaş alýan hadysalar sebäpli bu göwrüm köplenç tamamlanyp bilinmeýär.

Türkiye ýakyn wagtda turba geçirijileriň kuwwatlyklaryny artdyrmagy we tebigy gaz we nebit bazarlarynda söz eýesi bolmagy maksat edinýär.

Şol sebäpli Trakýada tebigy gaz merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Russiýa bilen bilelikde durmuşa geçiriljek bu taslama bilen birlikde BOTAŞ tarapyndan Türkiyä tebigy gaz liniýalar arkaly getirilýän tebigy gazyň satylmagyny göz öňünde tutýan kanuny düzgünnama hem tamamlandy.

Şol sebäpli Ankara ünsüni günortadaky goňşylary bilen birlikde esasan hem Orta Aziýadaky Türki Dilli döwletlerede gönükdirdi.

Türkmenistanyň tebigy gazynyň TANAP we TAP taslamalary arkaly Türkiyäniň üstaşyr Ýewropa satylmagyny özünde jemleýän ylalaşyk resminamasyna Türkiye we Türkmenistan tarapyndan gol çekildi. Orta Aziýadaky Türk Dilli döwletler bilen täze energiýa ylalaşyklarynyň hem ýakyn wagtda baglaşyljakdygy aýdylýar.

Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlarynyň uglewodorod potensialy örän ýokarydyr...

TÜRKMENİSTAN

Türkmenistan ýerasty baýlyklar taýdan örän baý ýurt.Hasaplamalara görä, Türkmenistan 15 trillion kub metr bilen iň uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan dünýäde 4-nji ýurtdyr. Ýurt her ýylda takmynan 100 milliard kub metr tebigy gaz öndürýär.

Tebigy gazy eksport etmek üçin giň göwrümli gaz geçiriji liniýalara eýe bolan Türkmenistan häzirki wagtda Hytaýyň iň uly tebigy gaz üpjün edijisi bolup, 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý tebigy gaz geçiriji turba liniýasy arkaly her ýylda takmynan 40 milliard kub metr tebigy gaz satýar.

ÖZBEGİSTAN

Ýurduň territoriýasynyň 60 göterimine ýaýran nebit we tebigy gaz gorlary, 5 aýry sebitde 78 aýry guýudan çykarylýan nebit we tebigy gaz bilen ýurduň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýedir. 92 guýyda buraw işleriniň geçirilýän Özbegistanda nebit gorlarynyň ätiýajynyň jemi 5 milliard 300 müň tonna, tebigy gaz gorlarynyň ätiýajynyň bolsa 5 trillion 95 milliard kub metrdigi çak edilýär.

GAZAGYSTAN

Ýurduň jemi nebit ätiýajy 5 milliard tonnadan geçýär. Şol ätiýaçlaryň 75 göterimi Kaşagan, Karaçaganak we Tengiz nebit ýataklarynda ýerleşýär. Gazagystanyň tebigy gaz ätiýajynyň 3 trillion kub metrdigi çak edilýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan Günorta gaz geçelgesi boýunça gepleşiklere gatnaşar
Türkiýe Türkmenistan bilen metbugat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ugrunda işleýär
Türkmen Gazy Azerbaýjana Akdyrylýar
Türkmenistan “Talyban” bilen TOPH-y gepleşýär. Aşgabat Ýewropa gaz iberjek bolmaly dälmi?
Oktaý: "Türkiýe Gara deňizdäki durmuş taýdan möhüm taslamalary üstünlikli dumuşa geçirdi"