Ýewropa bazarynda has köp ulag satar

Awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýan Hytaýyň BYD kompaniýasy Ýewropadaky satuwyny artdyrmagy meýilleşdirýär.Bir ýyldan bäri kompaniýanyň “Tang” atly elektrik energiýasy bilen işleýän SUV modeli Norwegiýada satylýar.Awtoulag öndürijisi ýakynda ýene-de dört ýurtda elektroulag satuwyny ýola goýar.

Mundan ozal kompaniýa germaniýada we Şwesiýada öz ulaglaryny satjakdygyny mälim edipdi.Indi bolsa BYD Niderlandlara we Daniýa hem awtoulag iberer.Bu ýurtlarda ilkinji ulaglar ýylyň soňky çärýeginde müşderilere ýetirilip başlanar.

Kompaniýa awtoulag satmak üçin Niderlandlarda “Louwman”, Şwesiýada we Germaniýada “Hedin Mobility Group” we Daniýada “Nic.Christiansen Group” şereketleri bilen ylalaşdy.Bu şereketleriň birnäçe şahamçasy bolup, uly satuw zynjyryna eýe bolup durýarlar.Hytaý kompaniýasy “Tang” modeli bilen bir hatarda “Atto 3” we “Han” atly modelleri hem Ýewropa bazaryna iberer.

Bu ulaglaryň tehniki babatda Hytaýda satylýan ulaglardan tapawudy ýok. Ýewropada satyljak ulaglar geljek aý Parižde geçiriljek awtoulag sergisinde görkeziler.Ýakupberdi Hakdurdyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby

Ýene degişli makalalar

Ýewropada zawod gurar
Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy
BYD Tesla-dan öňe geçip, elektrokar satuwy boýunça dünýä lideri boldy
Dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýalarynyň sanawy neşir edildi
Alternatiw ýangyçly oulag satuwy ýokarlanýar
Hytaýyň BYD kompaniýasynyň arassa girdejisi birinji çärýekde 174%-300% ýokarlanyp biler