Ýewropa maýa goýum banky 2026-njy ýylda Merkezi Aziýadaky işini giňeltmekçi

Ýewropa maýa goýum banky 2026-njy ýylda Merkezi Aziýadaky işini giňeltmekçi

Ýewropa maýa goýum banky 2025-nji ýyly Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynda möhüm döwür hasaplaýar hem-de 2026-njy ýylda sebitdäki işini güýçlendirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ýewropa maýa goýum bankynyň sebit boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Edwardas Bumsteýnas aýtdy diýip, “Trend”agentligi habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda bank Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýurtlarynda maliýe goldawyny giňeltdi. Bu serişdeler durnukly ösüşe, ýol-gurluşyk we beýleki infrastruktura taslamalaryna, sanly ulgamlaryň ösdürilmegine hem-de howanyň üýtgemegine garşy çäreleri güýçlendirmäge gönükdirildi. Taslamalar Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Şeýle hem Edwardas Bumşteýnas Ýewropa maýa goýum bankynyň Türkmenistan bilen çarçuwaly ylalaşyk boýunça gepleşiklerde öňe gidişlik gazanandygyny belläp geçdi. Bu bolsa bankyň Türkmenistanda iş alyp barmagyna mümkinçilik açýar. Mundan başga-da, 2026-njy ýylda bankyň ilkinji sebit ofisini Daşkent şäherinde açmak meýilleşdirilýär.

Ýewropa maýa goýum banky Merkezi Aziýanyň Ýewropa Bileleşigi üçin arabaglanyşyk, energiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi meselelerinde uly ähmiýete eýedigini belleýär.

Ýewropa Maýa goýum Banky — 1958-nji ýylda döredildi we onuň baş edarasy Lýuksemburg şäherinde ýerleşip, Ýewropa Bileleşiginiň maliýe guramasy bolup durýar. Bank durnukly ykdysady ösüşe, integrasiýa hem-de infrastruktura ösüşe gönükdirilen taslamalary uzak möhletleýin maliýeleşdirmek arkaly diňe bir Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryny däl, eýsem beýleki daşary ýurtlary hem goldaýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň medeni günleri geçirildi
Dünýäniň iň kelte adamy: telefon götermek agyr düşýär
Ýigrimi ýaşly eýranly dünýäde iň pes boýly adam diýlip yglan edildi
BAFTA kino baýragynyň ýeňijileri belli boldy
Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy
“Premier Liganyň” 51-nji kluby