Ýigrimi ýaşly eýranly dünýäde iň pes boýly adam diýlip yglan edildi

Ýigrimi ýaşly eýranly dünýäde iň pes boýly adam diýlip yglan edildi

Eýranyň ýaşaýjysy dünýäde özbaşdak hereket etmäge ukyply bolan iň pes boýly adam diýlip yglan edildi. Ol öňki kelte boýly adamdan tas ýedi santimetr gysgadyr diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda habar berilýär.

Afşin Ysmaýyl Gaderzadäniň boýy 65,24 santimetrdir. Ondan öňki bu ugurdaky rekordyň eýesi bolan kolumbiýaly Edward Ernandesiň boýy 72,1 santimetre ýetýär. Şunlukda 20 ýaşly eýranly dünýäde iň pes boýly adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Afşini Bukan ülkesiniň uzakdaky obalarynyň birinden tapdylar. Doglanda, Gaderzadeniň agramy 700 gram eken, häzir 6,5 kilogram agramy bar diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýeri gelende aýtsak, dünýäde iň gysga boýly ekizler Germaniýadan bolan uýalar Lindingerlerdir.

Surat: guinnessworldrecords.com

Dünýäde iň uzyn boýly erkek kişi bolsa Türkiýeden Soltan Kesen hasap edilýär.

Surat: metro.co.uk

Ýene degişli makalalar

Tort haçandan bäri taýýarlanylýar?!
Dünýäniň iň garry awtobus sürüjisi
Liderler Prezident Erdogany Doglan Güni Bilen Gutalaýar
Gymmatbaha dabaralar, kynçylyklar ilaty özgerişlige taýýarlaýar - synçy
Tokio-2020: türkmen Olimpiýaçylary bilen ýakyndan tanyşmak isleýärsiňizmi?
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri...