Ýewropa Oýunlary tamamlandy

Ýewropa Oýunlary tamamlandy

Krakow şäherindäki Henrik Reýman stadionynda geçirilen ýapylyş dabarasynda Türkiyäniň baýdagyny milli badmintonçy Neslihan Ýigit Aryn göterdi.

Sungat işgärleriniň ýerine ýetirmegindäki konsertleriň bolan we "Biz birdiris" şygary bilen geçirilen oýunlaryň ýapylyş darasynda yşyk şoulary bilen birlikde biri-birinden tapawutly çykyşlar boldy.

Malopolska sebitindäki 13 aýry şäherde geçirilen çärede Türkiyä 103-i zenan, 90-y erkek bolmak bilen jemi 193 türgen wekilçilik etdi.

Türkiyäniň topary III Ýewropa oýunlarynda 9-y altyn, 9-y kümüş, 20-si bürünç jemi 38 medala eýe boldy.

Türkiye medal sanawynda 48 ýurduň arasynda 9-njy boldy.

Medallaryň köplügi boýunça 35-i altyn, 26-sy kümüş we 39-y bürünç bolmak bilen jemi 100 medala eýe bolan Italiýa 1-nji oruna eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Şu gün Ýewropa Oýunlary başlar
06.09.2019 | Türkmenistan — Germaniýa: adamlaryň saglygy ugrunda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan — Germaniýa: adamlaryň saglygy ugrunda hyzmatdaşlyk
Transfer möwsümi tamamlandy
Sportuň taryhynda bu hepde
Kitaphanalar müňlerçe kitaby nädip klassifikasiýa edýär?