Ýewropada çempiony belli bolan çempionatlar

Ahyrlap barýan futbol möwsüminde Ýewropanyň birnäçe çempionatlarynda eýýäm çempionlygyny yglan eden klublar belli boldy.Awgust-sentýabr aýlarynda başlap, maý aýynda tamamlanýan çempionatlaryň arasynda ilkinji bolup, Şotlandiýanyň çempionatynyň ýeňijisi mälim boldy.

Soňky tapgyrda ezeli bäsdeşi “Seltigi” 4-1 hasabynda ýeňen “Reýnjers” möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýär. 10 ýyldan soň çempionlyk gazanan “Reýnjers” 55-nji gezek kubogy eýeläp, milli çempionatda özüne degişli iň köp çempion bolmak rekordyny ösdürdi.

Ukrainada Kiýewiň “Dinamosy” hem çempionaty 16-njy gezek birinji hatarda tamamlamagy başardy.Italiýada 9 ýyldan soň çempion üýtgäp, “Inter” 19-njy gezek çempion boldy.Niderlandlaryň çempionatynda “Aýaks” 35-nji, Russiýada “Zenit” 7-nji gezek çempionlygyny yglan etdi.

Polşanyň çempionatynda Warşawanyň “Legia” topary 15-nji gezek çempion bolup, “Ruh Hožuw” hem-de “Gurnik Zabže” klublaryndan öňe saýlandy we bu ugurda rekordy öz adyna geçirdi.

Serbiýanyň çempionatynda “Srwena Zwezda” 32-nji, Çehiýada Praganyň “Slawiýa” kluby yzly-yzyna 3-nji, umumylykda 7-nji, edil şonuň ýaly Wengriýada-da “Ferençwaroş” bassyr 3-nji, umumylykda-da 32-nji gezek çempion bolmagy başardy.

Gresiýanyň “Super Ligasynda” “Olimpiakos” bassyr 2-nji, umumylykda 46-njy gezek, Şweýsariýanyň “Super Ligasynda” soňky ýyllarda çempionlygy özünde saklaýan “Ýang Boýz” bu möwsümi-de altyn medal bilen tamamlady.Bern şäheriniň wekili yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 15-nji gezek çempion diýen ady eýeledi.

Kiprde “Omoniýa” 21-nji, Gruziýada “Dinamo Tbilisi” bassyr 2-nji, umumylykda 18-nji çempionlygyny gazandy.

Şu hepdäniň ahyrynda-da Germaniýanyň Bundesligasynda, Türkiýäniň Super Ligasynda hem-de Angliýanyň Premier Ligasynda hem çempionlar belli bolup biler.

Ýewropada çempionlygy belli bolan ýurtlar:

Şotlandiýa “Reýnjers”

Ukraina “Dinamo Kiýew”

Niderlandlar “Aýaks”

Italiýa “Inter”

Polşa “Legia Warşawa”

Russiýa “Zenit”

Serbiýa “Srwena Zwezda”

Çehiýa “Slawiýa Praga”

Şweýsariýa “Ýang Boýz”

Gresiýa “Olimpiakos”

Wengriýa “Ferençwaroş”

Kipr “Omoniýa”

Gruziýa “Dinamo Tbilisi”

The post Ýewropada çempiony belli bolan çempionatlar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Garaşylmadyk netijeler
UEFA Çempionlar ligasynda 3-nji saýlama tapgyrynda garaşylmadyk netijeler
Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri
Täze çempion
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
“Astana”, “Ludogores” toparlary ýaryşdan çykdy