“Canalys” kompaniýasynyň seljerijileri ýewropalylaryň, esasan, “Samsung”, “Apple” we “Xiaomi” el telefonlaryny satyn alýandyklaryny anykladylar, ady tutulan smartfonlary öndürijiler häzir bu bazaryň 76 göterimini eýeleýär. 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň bu ugurdaky netijeleri barada hasabat ady tutulan kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi diýip, “Trend” ýazýar.
Bazaryň öňbaşçysy hökmünde “Samsung” smartfonlary görkezildi, kompaniýa olaryň Ýewropada 14,6 million sanysyny ýerledi, ikinji orunda 8,9 million gajet bilen “Aplle” barýar, üçünji orny 8,2 million sany smartfony bilen “Xiaomi” kompaniýasy eýeledi. Şeýle-de ilkini bäşlikde “Realme” we “Oppo” kompaniýalary ýerleşdi.
Ýewropada geçen ýylyň birinji çärýeginde 46,4 million sany smartfon satylan bolsa, su ýylyň degişli döwründe olaryň sany 41,7 milliona deň boldy.