Ýewropanyň iň uly elektrobeketli awtoduralgasy

Elektrokarlaryň ýaýbaňlanmagy bilen sürüjileriň gündelik endiklerini hem üýtgeýär.Adaty ýangyçly ulaglara ýangyç doldurmak üçin birnäçe minut ýeterlik bolsa, elektrokarlar üçin birnäçe sagat gerek. Şol sebäpli elektroulagyň ýaýran ýurtlarynda awtoduralgalarda ýörite zarýad berilýän beketler bar. Şeýle hem söwda merkezleridir iş ýerleriniň duralgalarynda belli bir wagta çenli tölegsiz hyzmat edýän beketler ýerleşdirilen.

Bu beketler sürüji supermarketden ýa-da dükanlardan gerekli zatlaryny alyp gelýänçä ulaga zarýad berýär. Şeýlelikde, sürüji ulaga zarýad bermek üçin wagtyny ýitirmeýär.Golaýda “Taycan” atly elektrokaryny satuwa çykaran “Porsche” kompaniýasy Germaniýanyň Leýpsig şäherinde Ýewropanyň iň uly elektrik beketli duralgasyny ulanmaga berdi.

Bu ýerde elektrik energiýasynyň alternatiw çeşmeden öndürilýändigi hem mälim edildi.Duralga kiçiräk güýmenje merkeziniň, awtoulag muzeýiniň we dükanlaryň ýanynda döredilipdir.

Ýene degişli makalalar

“Porsche”-niň giňeldilen elektrokary tanyşdyryldy
Porsche hytaý bazaryndan 1 müň 571 awtoulagyny yzyna alar
Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy
Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi
Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär
Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy