Ygdyryň badamjan mürebbesi

Ygdyryň badamjan mürebbesi

Türkiýäniň Gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän serhet şäheri Ygdyr, daglyk sebitde çukurlykda ornaşmagy sebäpli özüne mahsus makro-klimat howa şertlerine eýedir.

Bu howa şertlerinde-da iňňän tapawutly ekerançylyk önümlerine mümkinçilikler döreýän bolsa, bakça we miwe önümçiligindäki köpgörnüşlilik Ygdyr şäherine mahsus täze tagamlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şolaryň biri bolan “Ygdyryň badamjan mürebbesi” welaýat Oba we tokaý hojalygy müdirliginiň ýüz tutmasy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiýäniň geografiki belgili önümleriniň hataryna goşuldy.

Badamjan mürebbesi 6-12 santimetr ululygyndaky badamjanlardan bal reňkinde, az şerbetli we goýy mürebbedir.Gije bilen gündiziň arasyndaky ýylylygyň tapawutly bolmagy badamjanlaryň göwrüminiň kiçi bolmagyna sebäp bolýar we şol kiçi badamjanlar mürebbe üçin peýdalanylýar.

Mürebbäni taýýarlamak üçin ilki kiçi we çigitsiz badamjanlaryň gabygy artylýar we ortasyny deşilýär.Duzly suwda bir gije garaşdyrylan badamjanlar, soň ýyly suwda gaýnadylýar. 15-20 minut gaýnadylan badamjanlar balköpügi reňkine öwrülenden soň azyndan üç gezek sowuk suwda ýuwulýar.

Soň uly gazanda şeker bilen taýýarlanan gyzgyn şerbediň içine badamjanlar salynýar we pes otda limonuň suwy goşulyp, gaýnadylýar.Ol badamjanlar şerbedi çekýänçä dowam eder.Badamjanlar soň bankalara goýulyp, üssüne şerbet goşulýar we agyzlary berk ýapylýar.

Ýene degişli makalalar

Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary
Gury üsgülewigiň tebigy bejergisi…
Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler
Bedende duzuň artykmaçlygynyň alamatlary mälim edildi
Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri