YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler

YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler

27-nji ýanwarda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Agzalan mejlisiň dowamynda 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça meselä garaldy.

Hususan-da, bu meýilnamanyň 3-nji ileri tutulýan ugry, ýagny “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” atly bölümini YHG-nyň sebitinde durmuşa geçirmek bilen bagly teklip bu Gurama tarapyndan öňe sürüldi. Agzalan teklip hem-de ony durmuşa geçmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi Geňeş tarapyndan goldanyldy.

Türkmenistanyň Ilçisi, YHG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Y.Gaýypow agzalan başlangyjyň goldanylandygy üçin YHG-nyň Sekretariatyna we agza ýurtlaryň wekillerine hoşallyk bildirdi hem-de onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda taraplaryň işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirýändigini mälim etdi.

Mundan başga-da, 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy we YHG sebiti atly mowzuk boýunça BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gurama tarapyndan alnyp barlan işler hem-de geljekde meýilleşdirilýän hereketler beýan edildi.

Ozal türkmen tarapynyň teklibi boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” atly 3-nji ileri tutulýan ugry öňümizdäki döwürde kabul ediljek YHG-nyň Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary 2035 resminamasynyň taslamasyna girizildi.

Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi internet sahypasynda AWAZA Programme of Action 2024-2034 and the ECO Region atly bölüm döredildi.

AWAZA Programme of Action 2024-2034 and the ECO Region

Ýene degişli makalalar

YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler
Birleşen Milletler Guramasy dünýäniň ylalaşdyryjy merkezi
“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar) atly KARARNAMASY