YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler

YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Agzalan mejlisiň dowamynda 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek boýunça meselä garaldy.

Hususan-da, bu meýilnamanyň 3-nji ileri tutulýan ugry, ýagny “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” atly bölümini YHG-nyň sebitinde durmuşa geçirmek bilen bagly teklip bu Gurama tarapyndan öňe sürüldi.

Agzalan teklip hem-de ony durmuşa geçmek boýunça duşuşyklaryň geçirilmegi Geňeş tarapyndan goldanyldy.Türkmenistanyň Ilçisi, YHG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Y.Gaýypow agzalan başlangyjyň goldanylandygy üçin YHG-nyň Sekretariatyna we agza ýurtlaryň wekillerine hoşallyk bildirdi hem-de onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda taraplaryň işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirýändigini mälim etdi.

Mundan başga-da, 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy we YHG sebiti atly mowzuk boýunça BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gurama tarapyndan alnyp barlan işler hem-de geljekde meýilleşdirilýän hereketler beýan edildi.

Ozal türkmen tarapynyň teklibi boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň “Üstaşyr, ulag we özara baglanyşyk” atly 3-nji ileri tutulýan ugry öňümizdäki döwürde kabul ediljek YHG-nyň Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary 2035 resminamasynyň taslamasyna girizildi. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi internet sahypasynda AWAZA Programme of Action 2024-2034 and the ECO Region atly bölüm döredildi.

Ýene degişli makalalar

YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler
“Öwrülişik pursady”. Ýakyn Gündogardaky urşuň fonunda Astana bilen Aşgabat nebit we gaz üpjünçiligini artdyryp bilermi?
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar) atly KARARNAMASY
Birleşen Milletler Guramasy dünýäniň ylalaşdyryjy merkezi
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy