ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA MILLI HEREKET MEÝILNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA MILLI HEREKET MEÝILNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky ýygnagynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistantň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen tassyklanan Adam hukuklary babatynda Milli Hereket meýilnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi.

Beýannamada resminamanyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek we goramak boýunça döwlet ulgamyny güýçlendirmek maksady bilen kabul edilen 2016-2020-nji ýyllarda durmuşa geçirilen hereket meýilnamasynyň logiki dowamydygy bellenildi.

Milli hereket meýilnamasy, ýurduň adam hukuklary we azatlyklary babatynda borçnamalarynyň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün etmekligiň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şundan ugur alyp, ähli döwlet edaralarynyň, döwlet işgärleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek we berjaý etmek baradaky borçnamalary öňe sürmäge we ýerine ýetirmäge çagyrylýandygy bellenildi.

Milli kanunçylyk we hukuk binýadynyň güýçlendirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, umumy kabul edilen ülňüleri göz öňünde tutup, ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýändigi aýratyn nygtaldy.

Agzalan meýilnamanyň Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şeýle hem halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek üçin alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilendigi beýan edildi.

Bu meýilnama işlenip düzülende, Türkmenistan adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip yglan edýän ýurduň konstitusiýasynyň esasy düzgünlerinden ugur aldy.

Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara topary, Milli Hereket meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek we adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin utgaşdyryjy gurama boljakdygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI
NÝU-ÝORKYŇ POLISIÝASY DÖRT MUSULMANA PYÇAK BILEN HOWP SALAN ADAMY TUSSAG ETDI
TÜRKIYELI BIR ERKEK ADAM BIR GYZ ÇAGANY ÝOKARY TIZLIK BILEN GELÝÄN MOTOSIKLDEN HALAS ETDI
BMG, ÝHHG, HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETI TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNY DURMUŞA GEÇIRMEK IŞINDE ESASY HYZMATDAŞLARYŇ HATARYNDA
BMG, ÝHHG, HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETI TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNY DURMUŞA GEÇIRMEK IŞINDE ESASY HYZMATDAŞLARYŇ HATARYNDA
HALKARA FORUMYŇ “ORTA ASYRLAR DÖWRÜNIŇ MEDENIÝETINIŇ, YLMYNYŇ, EDEBIÝATYNYŇ HEM-DE SUNGATYNYŇ ADAMZADYŇ RUHY-MEDENI ÖSÜŞINE ÝETIREN TÄSIRI” ATLY BIRINJI BÖLÜMI
TÜRKMENISTANDA MUHAMMET BAÝRAM HAN TÜRKMEN WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MERTLIK, WATANSÖÝÜJILIK, ADAMKÄRÇILIK ÝÖRELGELERI ATLY HALKARA FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY