BMG, ÝHHG, HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETI TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNY DURMUŞA GEÇIRMEK IŞINDE ESASY HYZMATDAŞLARYŇ HATARYNDA

BMG, ÝHHG, HALKARA GYZYL HAÇ KOMITETI  TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNY DURMUŞA GEÇIRMEK IŞINDE ESASY HYZMATDAŞLARYŇ HATARYNDA

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen Pudagara toparynyň mejlisinde ýurduň ynsanperwerlik syýasatyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň gerimine seredildi.

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda BMG-niň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler we halkara hyzmatdaşlar bilen Hereketleriň Milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň gurallaryny ornaşdyrmak boýunça hünärmenleriň tejribelerini paýlaşdylar.

Şeýle-de 2021-2023-nji ýyllar üçin halkara ynsanperwer hukuklaryny durmuşa geçirmegiň çäklerindäki çäreleriň Meýilnamasyna jikme-jik seredildi. Döwlet gullukçylarynyň, milli hünärmenleriň we raýat jemgyýetiniň bilimini kämilleşdirmek babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň ÝUNESKO we ÝHHG bilen halkara hukuk binýadyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu halkara düzümler bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary beýan edildi, hususan-da, ylym-bilim we hukuk, şeýle-de KHBS ugurlaryndaky taslamalaryň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikdäki işleriň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynda şöhlelendirilen kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin adyl kazyýetligiň meselelerine garaldy.

Gatnaşyjylar Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek bilen bagly pikir alyşdylar we Pudagara toparyň 2021-nji ýyl üçin Iş Meýilnamasynyň çäklerindäki çärelere seretdiler.

Ýene degişli makalalar

Aragçi: Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly ulanmak hukugy barada gepleşik geçirip bolmaz
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
TÜRKMEN ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY WE MEDENIÝETIŇ GADYMY KÖKLERI
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE HEM-DE MERKEZI AZIÝA RUSSIÝA FORMATYNDAKY DUŞUŞYGA GATNAŞDY
TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI
Kandagarda iri ýol taslamasyna badalga berildi