Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy

31-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň bu komitetiň ýapon tarapynyň başlygy, Ýaponiýanyň Itochu Corporation kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdiler. Ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini kesgitleýändigi bellenildi.

Iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalary seljerdiler hem-de nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag hem-de beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan, Ýaponiýa ikileýin salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada ylalaşyk baglaşdylar
Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy
Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan we Ýaponiýa ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler
Ýoşihide Suga Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna çagyryldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi