Üç ýyl içinde, 2019-njy ýyldan başlap, Ylymlar akademiýasynyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilmegi bes ediler.
Bu maglumat Ministrler kabinetiniň 29-njy ýanwarda geçirilen maslahatynda, wise-premýer Pürli Agamyradow ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berende yglan edildi.
TDH-nyň habar bermegine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow institutlaryň bir toparyny üýtgedip gurmagy tabşyrdy:
Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyny hem-de Milli golýazmalar institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyny döretmeli.
Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyny hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyny döretmeli.
Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutyny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna bermeli.
Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Umumy we amaly biologiýa institutyny hem-de Derman ösümlikleri institutyny döretmeli. Umumy we amaly biologiýa institutyny Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyna, Derman ösümlikleri institutyny bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyna bermeli.
Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutyny Döwlet energetika institutynyň garamagyna bermeli.
Indi Ylymlar akademiýasynyň nähili ýagdaýda maliýeleşdiriljegi anyklaşdyrylmaýar. TDH-nyň maglumatyna görä, döwlet býujetinden maliýeleşdirme “Ylymlar akademiýasynyň ykdysadyýetde tutýan ornuny ýokarlandyrmak, ylmyň gazananlarynyň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag edaralarynyň alyp barýan işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen” bes ediler.
Ýatladýarys, prezident 28-nji ýanwarda Ylmy-barlag institutlarynyň we ÝOJ-laryň ýolbaşçylarynyň wezipä bellenilişiniň kämilleşdirilmegini buýurdy.
Ministrler kabinetiniň 2018-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda geçirilen mejlisinde Berdimuhamedow Ylmy-barlag institutlarynda orta bilimli adamlaryň işleýändiginden nägile boldy.
