Ynjyk oglanjygyň zähmeti

Grigoriý Wieru, moldawan ýazyjysy.

Hekaýa.

Doru heniz kiçijikkä, saçagyň başynda hemişe ynjyklyk edýärdi: bir görseň ony, bir görseňem muny iýesi gelenokdy.

Bir gezek ejesi ondan:

Mesge çalnan çörek iýjekmi? diýip, sorady.

Ýok!

Megerem, mürepbe çalnan çörek iýersiň?

Ýok, islämok!

Olaryň gürrüňini diňläp oturan kakasy, oglanjykdan:

Seniň damjaly çörek iýesiň gelenokmy? diýip, sorady.

Doru ýüzüni-gözüni gamaşdyryp: Nämeli diýýäň? diýip, gyzyklandy.

Damjaly.

Doru kakasyna näme jogap berjegini bilmedi. Çünki ol ozal damjaly çörek barada eşitmändi.

Hawa, meň damjaly çörek iýesim gelýär.

Bolýar diýip, kakasy jogap berdi. Ýöne ertire çenli garaşmaly bolarsyň. Damjalar säher bilen üzümçilikde bolýar.

Kakasy säher bilen oglanjygy ukudan oýardy. Olar üzümlige gitdiler. Şol wagt Gün hem dogmandy.

Hany, damjaly çörek nirede? diýip, Doru sorady.

Häzirlikçe eliňe pil al. Gel, biraz işläli. Gün dogan wagty buldurap duran nem damjalary bolýar diýip, kakasy aýtdy.

Kakasy bir üzümiň aşagynda ertirlik içine peýnirdir mürepbe salnan çörek goýdy. Soňra oglunyň eline kiçijik pil berdi, özüne bolsa ulusyny aldy. Şeýdip olar işlemäge başladylar.

Doru bilen kakasy üzümleriň düýbüni ýumşatdylar, çybyklary aýyrdylar. Olar mazaly işlediler.

Hany indi seň şo diýýän damjaly çöregiň? diýip, Doru sorady. Meň bir zatlar iýesim gelýär!

Şol wagt üzümçiligiň üstünde ýaldyrap, Gün peýda boldy. Ataly-ogul bolsa, eýýäm az-kem işläp ýetişipdiler.

Indi ertirlik edinseňem bolar diýip, kakasy dillendi.

Ol Doruwa ýüzünde säher damjalary buldurap duran içi peýnirli çöregi uzatdy.

Nähili onsoň? Damjaly çörek mazaly ekenmi? diýip, kakasy oglundan sorady.

Mazaly, hakykatdan hem mazaly diýip, Doru şadyýan halda jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer
Oba hojalyk önümçiligine innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa we ykdysady taýdan netijeliligi
Oba hojalyk önümçiligine innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa we ykdysady taýdan netijeliligi
Türkmenistan sanly ulgamlary ösdürmekde "BlackSparc" IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder