Ýogurt

Ýogurt

Bütin dünýäde bilinýän we halanýan gatygyň, ilkinji gezek türkler tarapyndan edilendigini bilýäňizmi?

Süýdiň gönezlik bilen basyrylmagy netijesinde taýýarlanýan gatyk, türk aşhanasynyň esasy azyklaryndan biri. Ilkinji gezek Orta Aziýadaky türki halklar tarapyndan edilendigi çaklanylýan we asyrlaryň dowamynda bütin dünýä ýaýran gatyk, beýleki dillerde-de türk dilindäki ýaly “ýogurt” atlandyrylýar.

Tomus aýlarynda ýylylygyň 40 gradusa çenli baryp ýetýän Orta Aziýanyň etraplarynda mallardan sagylan süýdüň birnäçe wagt soň turşap, goýulaşýandygy görülýär.Goýulaşan süýtden emele gelýan bu azygyň goýy bölegi wagtyň geçmegi bilen ýogurt hökmünde sarp edilipdir.

Bu turşy azygyň peýdalydygy görülenden soň, ýogurt taýýarlamagyň usullary kämilleşýär.Ilkiler ýogurt ýa-da gatyk malyň derisinde, agaç gaplarda taýýarlanyp, saklanar ekeni. Şeýle hem gatyga suw goşulyp, aýran ýagny çal edilipdir.

Ýogurdyň dünýä ýaýraýyşy Orta Aziýadaky çarwa halklaryň günbatara we günorta göçmekleri bilen başlaýar. Ýewropanyň ýogurt bilen tanyşmagy fransuz lukmançylyk taryhynda-da beýan edilşi ýaly 16-njy asyrda türkleriň saýawynda bolýar.

Fransiýanyň şol wagtky şasy François 1-nji agyr içege ýokanjyna uçraýar we wagtynda sagalmaar. Şa Françoisiň ejesi Osman patyşasy Kanuny Soltan Süleýmandan lukman ugratmagyny isleýär.Fransiýa ugradylan türk lukmanynyň ýanynda alyp giden geçiniň süýdünden edilen gatyk François 1-njini sagaldýar.

Emma ýogurt dünýäde 20-nji asyryň başynda meşhur bolýar.Pestur institutyndan Nobel baýragynyň laureaty, rus bakteriolog Meçnikow gatydyň içegelerdäki erbet bakteriýalary ýok edip, ömri uzaldýandygyny anyklaýar.Saglyga bolan peýdasynyň öwrenilmegi hem-de bolan isleg, gatygyň ilki Ýewropada, soň Amerikada we bütin dünýä ýaýraýyş depginini güýçlendirýär.

Mahatma Gandi “Diet Reform” atly kitabynda gatygyň köşeşdiriji we peýdaly özbolyşlyklary hakynda gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar
Hindistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Mahatma Gandiniň heýkeline gül goýdy
Günorta Koreýa dünýäniň COVID-19-yň endemik boljak ilkinji ýurdy bolup biler
Ukrainadan Goňşy Ýurtlara Geçen Bosgunlaryň Sany 2 Milliona Ýetdi
Prezident saýlawlaryna täze üç dalaşgär hödürlenildi
Aşgabadyň we Daşoguzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary Prezidentlige dalaşgärini hödürlediler