Ukrainadan Goňşy Ýurtlara Geçen Bosgunlaryň Sany 2 Milliona Ýetdi

Ukrainadan Goňşy Ýurtlara Geçen Bosgunlaryň Sany 2 Milliona Ýetdi

Birleşen milletler guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissary Filippo Gandi Twitterden beren habarnamasynda Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli 24-nji fewraldan bäri ýurtaryndan aýra düşürilen asuda ilat hakynda maglumat berd.

Gandi; “Şu gün Ukrainadan çykan bosgunlaryň sany 2 milliona ýetýär. Iki million” diýdi.

BMG-niň görkezijilerine görä ukrainaly bosgunlaryň ýarysyndan gowragy Polşa geçdi.

Poşadan soň nobaty bilen; Wengeriýa, Slowakiýa, Moldowa, Rumyniýa, Russiýa, Belarus we beýleki Ýewropa ýurtlary durýar.

BMG-nin Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygy Ukrainadaky şertler hasam agyrlaşan halatynda 4 milliona barabar asuda ilatyň ýurtdan gaçjakdygyny beýan edipdi.

Rus goşunlary 24-nji fewralda Ukraina hüjüm başladypdy.

Ýene degişli makalalar

19-njy ýanwarda bolan wakalar
Güýç edaralary Lebapda özleriniň hemaýatyndaky’ puluň gara bazaryna garşy göreşýär’
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen
Türkmenistanda Mahatma Gandiniň doglan güni bellenildi
Owganystanda Açlyk Sebäpli Çagalara Ölüm Howpy Abanýar