19-njy ýanwarda bolan wakalar

19-njy ýanwarda bolan wakalar

1937. Amerikaly uçar inženeri Howard Hýuz Los-Anjelesden Nýu-Ýorkuň aralygyny uçarda 7 sagat 28 minut, 25 sekuntda geçip, şol döwrüň tizlik rekordyny täzeledi. Bary-ýogy bir sanysy öndürilen “H-1 Racer” uçarynda amala aşyrylan uçuşyň ortaça tizligi sagatda 322 milden (518 km/sagat) gowrak boldy.

1966. Indira Gandi Hindistanyň ilkinji zenan Premýer-ministri boldy.

1978. Germaniýanyň Emden şäherinde dünýäniň iň köp çykarylan ulaglarynyň hasaplanýan “Volkswagen Beetle”-iň soňky nusgasy çykaryldy. Rowaýaty ulagyň Latyn Amerikadaky önümçiligi 2003-nji ýyla çenli dowam etdi.

1993. Çeh Respublikasy bilen Slowakiýa Respublikasy Birleşen Milletler Guramasyna agza boldy.

Ýene degişli makalalar

Güýç edaralary Lebapda özleriniň hemaýatyndaky’ puluň gara bazaryna garşy göreşýär’
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen
Türkmenistanda Mahatma Gandiniň doglan güni bellenildi
Owganystanda Açlyk Sebäpli Çagalara Ölüm Howpy Abanýar
Aşgabadyň we Daşoguzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary Prezidentlige dalaşgärini hödürlediler