Ýokary girdeji gazandy

Saud Arabystanynyň “Saudi Aramco” kompaniýasynyň ýylyň üçünji çärýegindäki arassa peýdasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 39 göterim ýokarlanyp, 42,4 milliard dollara ýetdi.Kompaniýa paýdarlaryna bu girdejiniň jemi 18,8 milliard dollarlyk bölegini tölär. Şeýlelikde bu görkeziji paýdarlara tölenen iň ýokary görkeziji bolar.

Dünýäniň iň gymmatly kompaniýalarynyň biri bolan “Aramco”-nyň berýän maglumatyna görä, ýylyň ikinji çärýeginde 48 milliard dollar arassa peýda hasaba alnypdyr.Ikinji çärýekdäkiden pes hem bolsa, üçünji çärýekdäki girdeji geçen ýylkydan ep-esli ýokary boldy.

Kompaniýa geçen ýylyň ikinji çärýeginde 30,4 milliard dollar arassa girdeji gazanypdy.

Kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Amin Nasser bu barada dünýädäki amatly bahasy we ygtybarly energiýa bolan zerurlyk göz öňünde tutulanda, nebite bolan islegiň geljek 10 ýylyň dowamynda artmagyny dowam etjekdiginiň çaklanylýandygyny belledi.

Jahan Abdyşukurowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Gaz önümçiligini artdyrmakçy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Çempionlyklarynyň başlangyjy
PSŽ-niň nobatdaky sarsgyny, Messiden soň gezek Ronaldoda
Messi geldi, Mbappe gitmekçi bolýar
Zarifiň Kuweýtiň we Bosniýanyň Daşary işler ministrleri bilen maslahatlaşmagy