Ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 25-si halkara bäsleşikde üstünlik gazandylar

17-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň talyplarynyň Polşa Respublikasynda geçirilen Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasyna gatnaşmagynyň netijeleri, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek halkara olimpiadalara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Polşa Respublikasynda geçirilen bu abraýly aň-paýhas bäsleşigine Türkmenistanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň 30-synyň köp sanly wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 25-si bu halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, 8 altyn, 11 kümüş we 6 bürünç medala mynasyp bolup, Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterdiler.

Halkara olimpiadalary, ylmy we döredijilik bäsleşiklerini ýokary derejede geçirip, dünýäniň öňdebaryjy bilim-ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça gazanylan tejribelerden ugur alyp, şeýle hem döwlet maksatnamalarynda, konsepsiýalarynda bellenen wezipelere laýyklykda, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň arasynda halkara internet olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hususan-da, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça II açyk halkara internet olimpiadasyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynda inžener we kompýuter grafikasy boýunça II halkara internet bäsleşigini, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda rus dili dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda III açyk halkara fizika dersi boýunça internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek 2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirmek hem-de oňa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.

Halkara olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen olimpiadalaryň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýaş türkmenistanlylaryň daşary ýurtly ýaşlar bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň başyndan bäri türkmen ýaşlarynyň köp sanly halkara olimpiadalara gatnaşyp, dürli baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän halkara olimpiadalaryň wajypdygyny belläp, wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýewropa Bileleşiginiň giňelmegi
25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär