Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylyş dabarasy

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen  Mary böleginiň açylyş dabarasy

Düýn 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat Tejen (203 kilometr), Tejen Mary (109 kilometr), Mary Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar.

Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda bolar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň Tejen Mary bölegi açyldy
Prezidentiň Mara sapary döwründe ak reňkde bolmadyk ulaglar tussag edildi’, hereket çäklendirildi
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
Türkmenistanda Aşgabat Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy
Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň Tejen Mary bölegi halkara güwänamalaryň 5-sine mynasyp boldy