Ýol gözegçiligi gullugy we salgyt gullugy Türkmenbaşyda hususy taksileri awlaýar’

Ýol gözegçiligi gullugy we salgyt gullugy Türkmenbaşyda hususy taksileri awlaýar’

Türkmenistanyň günbatar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri we salgyt gulluklary hususy taksi sürüjilerine garşy basyşy güýçlendirýärler. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy häkimiýetler tarapyndan ele salynýan hususy taksi ulaglarynyň jerime duralgalaryna alnyp gidilýändigini habar berýär. Bu aralykda, sebitde hereket edýän döwlet taksileriniň sürüjileri köpçülikleýin tölegsiz iş rugsadyna ugradylýar.

“Birinji sapar tutulan hususy taksiler 10 gün jerime duralgasynda saklanýar. Sürüji 600 manat jerime tölemeli. Ikinji sapar ele salnan hususy taksiler 20 gije-gündiz jerime duralgasynda saklanýar. Jerime 1500 manat” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Türkmenistanda hususy awtoulagda taksi hyzmatyny hödürlemek isleýän sürüjiler kireý etmek barada ýörite ygtyýarnama alýarlar. Ýöne ýurduň şäher we oba ýerlerinde resmi ygtyýarnamasyz “ýol ugra ýolagçy alýan” hususy awtoulaglar hem hereket edýär.

Soňky günlerde salgyt gulluklary we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri Türkmenbaşy şäherinde hususy taksilere garşy basyşy güýçlendirýän mahaly, sebitdäki döwlet taksileriniň sürüjileri köpçülikleýin tölegsiz iş rugsadyna ugradylýar.

“Döwlet taksileriniň sürüjileriniň 50 göterimi Awazadaky dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagynyň yz ýany, 1-nji sentýabrdan 15-nji oktýabrda çenli tölegsiz zähmet rugsadyna iberildi. Olaryň tölegsiz dynç alyşy tamamlanan badyna sürüjileriň galan 50 göterimi tölegsiz dynç alar” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenbaşyda hususy taksileriň häkimiýetler tarapyndan nyşana alynmagynyň aňyrsyndaky mümkin bolan sebäpler barada hem-de döwlet taksileriniň sürüjileriniň köpçülikleýin tölegsiz rugsada ugradylmagy barada Balkan welaýatynyň häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Ýerli sürüjiler Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde döwlet taksileriniň iş şertleri barada gürrüň berýärler.

“Şäheriň taksi kärhanalarynda jemi 80 töweregi taksi hereket edýär. Ýöne ulaglar könelişdi. 2010-njy ýylda öndürilen “Hyundai Elantra” kysymly sary awtoulaglar taksi sürüjileriniň hasabyna abatlanýar we ätiýaç şaýlary hem sürüjileriň hasabyna satyn alynýar” diýip, ýerli sürüjiler Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, şäher taksi kärhanalarynyň eýeçiligindäki döwlet awtoulaglarynyň tas 50 göterimi, 40 töweregi taksi awtoulagy könelişen ulaglar bolup, olar ýolagçylaryň talabyny kanagatlandyrmaýar.

Bu aralykda, döwlet taksilerini dolandyrýan sürüjiler müňlerçe manat para berenden soň, işe kabul edilýändiklerini aýdýarlar.

“Işe geçen döwlet taksileriniň sürüjileri döwlete her gün 285 manat plan tabşyrmaly” diýip, bir taksi sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Hususy taksi sürüjileri bolsa, özbaşdak ýolagçy gatnadyp, gündelik 60-70 manat gazanýandyklaryny aýdýarlar.

“Gazanan puluň jerimeleriň’ tölegine ýetmeýär” diýip, bir hususy taksi sürüjisi aýdýar.

“Döwletimiz bizi bu girdejilerden hem mahrum edýär” diýip, polisiýanyň nyşanasyna öwrülen hususy taksi sürüjileri şikaýat edýärler.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary maý aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem hususy awtoulaglarda ýolagçy gatnatmagyň gadagan edilýändigini habar berdiler.

Şeýle-de, maý aýynda paýtagtyň taksi sürüjileri täze düzgünler bilen tanyşdyryldy.

Maý aýynda dilden yglan edilen täze düzgünler taksi sürüjilerine awtoulaglaryň öňündäki oturgyja islendik ýaşdaky aýal ýolagçylary mündürmegi, üç adamdan köp ýolagçy almagy gadagan etdi.

Ýurduň çäginde taksi we awtobus hyzmatlarynyň ýola goýulmagyna “Türkmenawtoulaglary” agentligi gözegçilik edýär.

Awtomobil ulaglary pudagynyň gurluşy we onuň döwlet gözegçiligi soňky birnäçe ýylyň dowamynda yzly-yzyna üýtgedip gurmalary başdan geçirdi.

2019-njy ýyla çenli Awtomobil ulaglary ministrligi atlandyrylan gurama, şol ýylyň ýanwarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi atlandyryldy we häzirki wagtda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzümine girizildi.

Balkan welaýatynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň iki kärhanasy, Türkmenbaşynyň Awtoulag kärhanasy hem-de Balkanawtoulag önümçilik birleşigi, hereket edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Ýene degişli makalalar

Ýol polisiýasy ýaşyl döwlet belgili awtoulaglary awlaýar
Türkmen polisiýasy üçin "maskasyzlary" tapmak boýunça gündelik plan artdyryldy
El-klasikonyň ýeňijisi - "Real"
Jerime töläp bimeýän raýatlar meýdanlarda gul ýaly’ işledilýär
Jerime töläp bimeýän raýatlar meýdanlarda gul ýaly’ işledilýär
Maryda kaskasyz welosiped sürýänlere jerime salynýar