Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen maglumatda: "Terrorçylaryň hinlerini üstlerine ýumurmaga dowam edýäris. Yragyň demirgazygyndaky Metina sebitinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan PKK-a agza 9 terrorçy, Harby-howa güýçlerimiziň üstünlikli operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi.

Beýleki tarapda bolsa Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a garşy geçirilen operasiýada ammarlaryň birinde 500 gram TNT maddasy we gündelik ýaşaýyş üçin zatlar ele salyndy.

Bitlis welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, Tatwan Respublikan Baş prokuraturasynyň buýrugyna laýyklykda delil häsýetindäki ele salynan zatlar gorag astyna alyndy, galan zatlar bolsa şol ýerde ýok edildi.

Ammar bolsa ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Erdogan: "PKK-nyň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýdi
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy