Yragyň Premýer-ministri ABŞ-da Saparda Boldy

Yragyň Premýer-ministri ABŞ-da Saparda Boldy

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa Al Sudani, Ak Tamda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden tarapyndan kabul edildi.

Kabul edilşikden öňe metbugata beýannama beren Baýden bilen Sudani iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakynda maglumat berdi.

Yragyň Premýer-ministri Sudani, Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän wakalar meselesinde ABŞ bilen şol bir garaýşa eýe bolmandyklaryny we her bir adamyň halkara hukugyna sarpa goýmalydygyny nygtady.

Gazada asuda ilatdan müňlerçe adamyň öldürilmegine sebäp bolan söweşiň bes edilmegini isleýändiklerini nygtan Sudani, parahatçylyk tagallalaryna goldaw berýändiklerini belledi.

Sebitiň diýseň ynjyk döwürden geçýändigini aýdan Sudani, “Bu sapar we duşuşyk özara gatnaşyklarymyzyň taryhy taýdan diýseň möhüm”diýdi.

Iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ak Tama gelendigini aýdan Sudani, “Harby, howpsuzlyk, ykdysadyýet, syýasat, bilim we daşky-gurşaw ýaly ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmagy maksat edinýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ibrahim Kalyn Erbilde Saparda Boldy
Ibrahim Kalyn Yrakda Saparda Boldy
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar
BMGHG, Sudan Meselesinde Möhüm Karar Taslamasyny Kabul Etdi
Sudanda Guralan Howa Hüjüminde 43 Adam Ýogaldy