Yrakda 37 ýyldan soňra ilat ýazuwy geçirildi

Yrakda 37 ýyldan soňra ilat ýazuwy geçirildi

Yrakda 37 ýyldan soňra geçirilen ählumumy ilat ýazuwynyň jemleri boýunça ýurtda 45,4 million adamyň ýaşaýandygy hasaba alyndy. Bu barada ýurduň Ministrler Kabinetiniň başlygy Muhammed as-Sudani ýörite metbugat maslahatynda habar berdi diýip, Shafaq News portalyna salgylanýan TASS ýazýar.

As-Sudani ilatyň düzüminde erkekleriň 50,1 we zenanlaryň 49,8 göterimi eýeleýändigi aýtdy.

1987-nji ýyldan bäri Yrakda ählumumy ilat ýazuwy 20-nji noýabrda geçirildi. 1987-nji ýylda ýurtda 16,3 million ilat ýaşaýardy, 1997-nji ýylda bu görkeziji 22 milliona ýetdi. Bütindünýä Banky 2023-nji ýylda Yragyň ilatyny takmynan 45,5 million möçberde çaklady.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýa we Russiýa hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirýärler
“RŽD-Medisina” türkmenistanly kärdeşleri üçin lukmançylyk otlusyny taýýarlamaga taýýar
Bild: GFR-iň öňki Kansleri Merkel ýatlamalar kitabynyň galam hakyndan millioner boldy
Russiýanyň demir ýollary (RŽD) Türkmenistanda bilelikdäki kärhanany döretmegi meýilleşdirýär
Şweýsariýanyň Hökümeti berk bitaraplykdan ýüz öwürmekçi
Russiýada mugt magistratura okamaga mümkinçilik berýän halkara olimpiada yglan edildi