Yrakda Prezident saýlawy 1-nji fewralda geçiriler

Yrakda Prezident saýlawy 1-nji fewralda geçiriler

Yragyň Prezident saýlawlary 1-nji fewralda geçiriler. Täze senäni ýurduň Wekiller geňeşi (parlament) belledi. Bu barada TASS habar berýär.

“1-nji fewralda geçiriljek maslahatyň gün tertibinde birnäçe parlamentarileriň kasam kabul etmegi we ýurduň Prezidentiniň saýlawlary dur” diýlip, INA agentligi tarapyndan çap edilen parlamentiň metbugat üçin beýanatynda bellenilýär.

Yragyň Prezident saýlawlarynyň 27-nji ýanwarda geçirilmegine garaşylýardy, emma kworumyň bolmazlygy sebäpli parlamentiň mejlisi yza süýşürildi.

2025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Yragyň parlamenti täze başlygyny saýlady. Şol pursatdan başlap 30 günlük möhlet hasaplanyp başlandy, onuň dowamynda ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, deputatlar Respublikanyň Prezidentini saýlamaga borçludyrlar.

Prezident bolsa öz gezeginde, iň uly koalisiýa Premýer-ministr wezipesine dalaşgär hödürlemegi tabşyrmaly. 24-nji ýanwarda Yragyň şaýy bloklarynyň we partiýalarynyň köpüsiniň wekillerini birleşdirýän Utgaşdyryjy geňeş, ýurduň täze hökümetiniň Baştutany wezipesine Nuri al-Malikiniň dalaşgärligini resmi taýdan mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

ÝOKARY DEREJELI HALKARA FORUM DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Ermenistanyň hökümet baştutanynyň Putine 'gaýtargy' bermegi türkmenistanlylar arasynda disskussiýa döretdi
Demirgazyk Koreýa we Russiýa hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirýärler
“RŽD-Medisina” türkmenistanly kärdeşleri üçin lukmançylyk otlusyny taýýarlamaga taýýar
Yrakda 37 ýyldan soňra ilat ýazuwy geçirildi