Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň parlament wekilleri bilen geçiren duşuşygy

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň parlament wekilleri bilen geçiren duşuşygy

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, Eýranyň Yslam şura mejlisiniň wekilleri bilen bolan duşuşygynda yurduň şu günki meselelerinde jihad we yhlas bilen ýeňiş gazanyp bileris diýdiler.

11-nji döwür Yslam şura mejlisiniň wekilleri şu gün (çarşenbe) Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideri Ymam Hameneýi bilen Ymam Homeýniniň Hüseýiniýasynda duşuşdylar.

Bu ýygnakda Aýatolla Hameneýi Horramşahryň basybalyjylardan boşadylmagyny ajy deňlemeleriň süýji deňlemelere öwrülmeginiň nyşany hasapladylar we şu günki ýagdaýda hem ýurduň häzirki meselelerinde jihad we yhlas bilen ýeňiş gazanyp bileris diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy sözüniň dowamynda Jihad, jan aýamazlyk, tutanýerlilik,işi ele almak, innowasiýa hereketlerini we ýollaryny yzarlamak, bularyň hemmesiniň ruhy Hudaýyň yhlasy we Hudaýa bil baglamakdyr; Bu Hudaý üçin işlemek we Gudratygüýçli Allaha bil baglamakdy diýip beýan etdiler.

Bu ýagdaý diňe şol döwüre mahsus däldi we ýurdyň dürli wakalarynyň şol sanda içeri we daşary we başga köp meseleleriň hemmesinde şu hili ýagdaýlara gabat gelýäris, we ýagdaýlaryň hemmesinde alla ýolunda jihad etmek< allaga yhlas etmek, berk yrada, başlangyçlar we şulara meňzeş hereketler bilen ýeňiş gazanyp bolýar diýip nygtap geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Ali Şir Nowaýy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Yrakly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Yrakly ministrler Türkiyä sapar gurar
“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”
Ysraýylyň Mektebe Guran Howa Hüjüminde 27 Adam Ýogaldy