Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy: Ynkylapçy galmak, ynkylapcy bolmakdan has möhümdir

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy: Ynkylapçy galmak, ynkylapcy bolmakdan has möhümdir

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, Yslam şura mejlisiniň wekilleri bilen bolan duşuşygynda şeýle diýdi: “Ynkylapçy galmak, ynkylapcy bolmakdan has möhümdir" diýdiler.

11-nji döwür Yslam şura mejlisiniň wekilleri çarşenbe güni Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideri Ymam Hameneýi bilen Ymam Homeýniniň Hüseýiniýasynda duşuşdylar.

Bu ýygnakda Aýatolla Hameneýi Horramşahryň basybalyjylardan boşadylmagyny ajy deňlemeleriň süýji deňlemelere öwrülmeginiň nyşany hasapladylar we şu günki ýagdaýda hem ýurduň häzirki meselelerinde jihad we yhlas bilen ýeňiş gazanyp bileris diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda Yslam şura mejlisi ýurduň dolandyryşynyň esasy sütünleriniň biri hasaplady we şeýle diýdi: "Mümkinçilikleri we gowşak ýerleri dogry bilmek iň möhüm meseleleriň biri, sebäbi duşman öz ukybyna däl-de, biziň ýalňyşlyklarymyza has köp üns berýär" diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň baş lideri, Eýranyň ululygyna, ilatyna, geografiýasyna, taryhyna we dürli howasyna salgylanyp Eýran ýaly eziz bolan bir ýurdy dolandyrmak möhüm mesele we dünýäniň häzirki aýratyn ýagdaýlaryngaramak bilen bu işiň kyn we çylşyrymly bolmagy tebigy mesele bolup görünýär.

Elbetde, häzirki dünýäde dolandyryş ähli ýurtlar üçin kyn boldy diýip Yslam rewolýusiýasynyň baş lideri sözlerine goşdy.

Aýatolla Hameneýi dünýä häkim bolan aýratyn ýagdaýlaryň sebäplerini düşündirmekde, ýadro ýaraglaryna eýe bolan güýçleriniň biri-birine garşy duşmançylykly bäsdeşlikleri we howplary, dünýäniň iň uruş sebitleriniň biri hökmünde Ýewropanyň golaýynda harby hereketleriň, howplaryň we söweşleriň köpelmegi, dünýäde keseliň we azyk howpunyň görlüp-eşidilmedik derejede ýaýramagy, Häzirki dünýä şertlerini aýratyn ýagdaýa öwüren elementlerdendir, Şeýle ýagdaýlarda ýurtlary dolandyrmak has kynlaşdy diýip nygtap geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Ali Şir Nowaýy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Yrakly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Yrakly ministrler Türkiyä sapar gurar
“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”
Ysraýylyň Mektebe Guran Howa Hüjüminde 27 Adam Ýogaldy