Düýn agşam gabaw astyndaky Gaza sektoryndaky ysraýylly 10 ýesir, Halkara Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň resmilerine geçirildi. Onuň ýerine bolsa Ysraýyl tussaghanalaryndaky palestinaly zenanlardan we çagalardan ybarat 30 ýesir adam azat edildi.
Anna güni sagat 07:00-da güýje giren ynsanperwer arakesme ylalaşygynyň çägindäki ýesir alyş-çalyş şertnamasynyň esasynda häzirki wagta çenli Gaza sektoryndan 1-i erkek beýleki zenanlardan we çagalardan ybarat ysraýylly 61 ýesir, Ysraýylyň tussaghanalaryndan palestinaly 180 zenan we çaga ýesir azat edildi.
Beýleki tarapdan bolsa Gazadaky hökümediň berýän habaryna görä 7-nji oktýabrdan bäri Gaza sektorynda Ysraýylyň hüjümlerinde öldürilen palestinalylaryň sany 6150-si çagalardan we 4 müňden gowragynyň zenanlardan ybarat jemi 15 müň adamdan geçdi.
Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa Tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny mälim edipdi.
Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" operasiýasyny başladandygyny habar beripdi.
