Ysraýyl Gaza garşy hüjümlerini dowam etdirýär

Ysraýyl Gaza garşy hüjümlerini dowam etdirýär

Gazada Hamasyň harby şahasy Izzeddin al-Kassam toparynyň 7-nji oktýabr güni irden Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başlatmagyndan soň, palestinaly toparlar bilen Ysraýylyň arasyndaky çaknyşyklaryň başlamagyna 10 gün boldy.

Ysraýyl gabaw astyndaky Gaza garşy hüjümleriniň gerimini giňeltdi.

Ysraýylyň goşuny 2 müň 670 adamyň ýogalan, 10 müňe golaý adamyň ýaralanan Gazanyň tapawutly ýerlerine garşy guraýan howa hüjümlerini gije wagty hem dowam etdirdi.

Bir müňden gowrak adam entegem harabalyklaryň aşagynda.

Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň gündogarynda raýat goranyş we tiz kömek gullugynyň işgärleriniň nyşana alyp hüjüm guramagy netijesinde saglygy goraýyş edarasynyň 5 işgäri ýogaldy.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus we Refah diýilýän ýerlere guran howa hüjümlerinde bolsa 11 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň harby uçarlary howa hüjümlerinde esasan hem Gazadaky esasy ýollary nyşana alyp hüjüm guraýar.

Ysraýylyň eýýäm 10 gün bäri azyk we derman serişdeleriniň geçmegine rugsat bermeýän Gazadaky hassahanalar howp astynda.

BMG-nyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölümi Gazadaky ähli hassahanalarda ýangyç ätiýajynyň 24 sagadyň içinde gutarjakdygyny habar berdi.

Beýanatda ätiýaçlyk transformatorlaryň durmagynyň müňlerçe adamyň janyny howp astynda saljakdygy mälim edildi.

BMG-nyň Ilat gaznasy bolsa Gazada 50 müň hamyla zenanyň adaty saglyk hyzmatlaryndan mahrumdygyny aýan etdi.

BMG-nyň Palestina bosgunlara kömek agentligi Gazada özlerine degişli mekdeplerde we binalarda azyndan 400 müň adamyň başga ýerlere göçendigini beýan etdi.

Ysraýylyň goşuny Gazanyň halkyna günorta tarapa gitmekleri barada çagyryş beripdi. Resmi Tel-Awiw beren çagyryşlaryna laýyklykda 600 müň palestinalynyň sebitiň günortasyna tarap göçendigini öňe sürüpdi.

Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny habar beripdi.

Gazadan Ysraýyla tarap müňlerçe raketa atylan bolsa, ýaragly toparlar hem sebitdäki ýaşaýyş ýerlerine giripdi.

Ysraýylyň goşuny harby uçarlary bilen Gaza garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
Gazany Çaga Gonamçylygy Hökmünde Häsýetlendirdik
Ysraýyl Rafah şäheriniň käbir etrapçalaryny boşaltmaga başlady
Türkiýe Ysraýyl Bilen Söwda Gatnaşyklaryny Doly Bes Etdi
Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar