“Ysraýyl, Gazada Asuda Ilatyň Goralmagyna Ähmiýet Bermeli”

“Ysraýyl, Gazada Asuda Ilatyň Goralmagyna Ähmiýet Bermeli”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýylyň Gazada asuda ilatyň goralmagyna uly ähmiýet bermelidigini aýtdy.

Blinken bilen Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kameron Waşingtonda bolan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Ysraýylyň Gazanyň günortasynda alyp barýan kampaniýasynyň 1 hepdeden bäri dowam edýändigini ýatladan Blinken, resmi Tel-Awiwiň asuda ilatyň goralmagyna we halka has köp ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegine uly ähmiýet bermelidigine ünsi çekdi.

Ysraýyl bilen ABŞ-nyň arasynda ýokary derejeli gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Blinken, “Ysraýylyň Gazada asuda ilatyň goralmagy niýeti bilen frontdaky ýagdaý tapawutly” diýdi.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

7-nji 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň guraýan hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany 17 müň 177 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Abu Ubeýde: "Ysraýylly ýesirleriň aglabasynyň ykballary näbelli" diýdi
Kassam topary Tel-Awiwe raketalar bilen hüjüm gurady
“Ýesirler Boşadylýança Hüjümler Dowam Eder”
Eýran Ysraýyla garşy hüjüm başlatdy
“ABŞ Bilen Ysraýylyň Arasynda Söweş Meselesindäki Garaýyş Tapawutlylygy Çuňlaşýarmy?”
Ysraýyla 7-nji Oktýabrdan Bäri 35 Müň Tonna Ýarag we Ok-däri Geldi