Eýran Ysraýyla garşy hüjüm başlatdy

Eýran Ysraýyla garşy hüjüm başlatdy

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä Ynkylap goragçylary goşuny tarapyndan hüjüm bilen bagly bildiriş çap edildi.

Bildirişde Ysraýylyň 1-nji aprelde Eýranyň Damask şäherindäki konsullygyna guran hüjümine garşylyk görkezmek maksady bilen, Eýranyň BMG-nyň Ylalaşygynyň 51-nji maddasyna laýyklykda, özüňi goramak hukukgynyň çäginde Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky ýerlerde ýerleşýän territoriýalardaky harby nyşanalara garşy hüjümiň başladylandygy mälim edildi.

Bildirişde: "Eýran hukuklaryny kepillik astyna almak we hüjümçini jezalandyrmak maksady bilen basyp alynan ýerlerde sionist terrorçylykly goşunynyň möhüm harby nyşanalaryna hüjüm edip, strategiki aňtaw mümkinçiliklerini, raketalary we uçarmansyz howa ulaglaryny üstünlikli urup ýok etdi" diýip habar berildi.

ABŞ tarapyndan Ysraýyla berilýän goldawa ünsler çekilen bildirişde: "Terrorçy Amerikan hökümedi Eýranyň bähbitlerine zeper ýetirjek islendik goldawyň we gatnaşygyň, Eýranyň Ýaragly güýçleriniň tutanýerli we puşman ediji reaksiýasy bilen netijelenjekdigi barada duýduryş berilýär" diýip bellendi.

Bildirişde: "Ysraýylyň hereketlerinden ABŞ-nyň hökümediniň jogapkärdigi we Ysraýyla päsgel berilmän halatynda hem Tel-Awiwiň hem-de Waşingtonyň onuň netijelerini çekmeli boljakdygy" nygtaldy.

Ynkylap goragçylary ABŞ-nyň ýa-da Ysraýylyň adyndan islendik bir ýurtdan abanjak howpuna şol bada garşylyk görkeziljekdigini we Eýranyň kanuny bähbitlerini her dürli agressiw aksiýalar bilen bikanun güýç ulanylmagyna garşy özüni gorajakdygy aýan edildi.

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA Ynkylap goragçylary goşunynyň Ysraýyla garşy ballistik raketa hüjümini başladandygyny öňe sürdi.

Ysraýylly resmiler bolsa Eýranyň Ysraýyla ballistik raketa atandygy bilen bagly hiç hili alamatyň bolmandygyny beýan etdi.

Ysraýylyň goşuny ýurduň günortasyndaky harby bazalaryň birinde kiçi göwrümli zyýan çekilendigini, adam ýitgisiniň bolmandygyny habar berdi.

Ysraýylyň goşuny: "Eýrandan Ysraýyla 200-den gowrak uçarmansyz howa ulagy, ganatly raketa we ballistik raketa ugratdy. Howplaryň aglabasy Ysraýylyň howa giňişliginiň daşynda täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi.

Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmeginde Tel-Awiwde ýygnanan harby resmiler Eýran tarapyndan uçarmansyz howa ulagy bilen başladylan hüjümleri maslahatlaşdy.

Ysraýylyň howpsuzlyk kabinetiniň Eýranyň hüjümlerine jogap bermek üçin Harby kabineti ygtyýarlandyrandygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär
Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi
“Eýran Konsullygyna Guralan Hüjüme Degişli Gaýtawuly Görkezer”
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Eýranly Serkerde Siriýada Öldürildi