Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy guran soňky hüjümlerinde 6 palestinaly ýogaldy.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä, Ysraýyl, Gazanyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäheriniň Mewasi etrapçasynda bir öýe bombaly hüjüm gurady.

Hüjümde 5 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň Gazanyň merkezinde Nusaýrat bosgun düşelgesinde ýerleşýän 1 öýe guran hüjüminde 1 palestinaly ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, ysraýylly esgerler, Al Haliliň günortasynda ýerleşýän Az-Zahiriýýe etrapçasyna operasiýa gurady.

Operasiýadaky ysraýylly esgerleriň od açmagy sebäpli 2 adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl 131 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl, Gaza Sektoryny Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 138 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 141 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Gonamçylygy Bombalady
Ysraýyl 152 Günden Bäri Gazany Bombalaýar