Ysraýyl Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär

Ysraýyl dünýäniň gözüniň öňünde gyrgynçylyk etmäge dowam edýär.

Ysraýylyň Gazadaky Al Ehli Baptist hassahanasyna guran bombaly hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 500 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Gazadaki Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Al Kudra, Al Ehli Baptist hassahanasyny nyşana alan hüjümde 500 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Bombaly hüjümde ýogalanlaryň esasy bölegi bäbejiklerden, çagalardan we zenanlardan ybarat.

“Al Ehli Baptist hassahanasyna guralan hüjüm deňi taýy görülmedik hüjüm” diýen Kudra, Gazadaky saglygy goraýyş merkezleriniň hassalary bejermek üçin hiç hili mümkinçiliginiň galmandygyny belledi.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, hüjüm sebäpli 3 günlük milli ýas yglan etdi.

Beýleki tarapdan Palestina, Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazadaky Al Ehli Baptist hassahanasyny nyşana almagynyň “harby jenaýatdygyny” mälim etdi.

Daşary işler ministrligi, Ysraýylyň hassahana guran hüjümini ýazgardy.

Hamasyň Kassam atly habary topary, 7-nji oktýabrda ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl 202 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 201 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Pakistanda kamikaze hüjümi guraldy