Pakistanda kamikaze hüjümi guraldy

Pakistanda kamikaze hüjümi guraldy

Pakistanyň Haýber Pahtunhwa welaýatynda bomba ýüklenen ulag bilen howpsuzlyk nokadyna garşy guralan kamikaze hüjüminde we Dera Ismail Han diýilýän ýerde bolan ýaragly çaknyşykda 25 esger ýogaldy, 27 başbozar täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Pakistanyň goşunyndan berilen beýanata görä Haýber Pahtunhwa welaýatynyň Owganystana serhetdeş bolan Dera Ismail Han sebitinde howpsuzlyk nokatlaryň birine garşy bomba ýüklenen ulag bilen kamikaze hüjümi guraldy.

Hüjümde 23 esger ýogaldy, 6 başbozar täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Bombanyň güýji bilen binalaryň biriniň çökmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sanynyň artandygy we ýaralanan adamlaryň hem bardygy habar berildi.

Beýleki tarapdan Dera Ismail Hana degişli Darazinda we Kulaçi şäherçelerinde howpsuzlyk güýçleri başbozarlara garşy operasiýa geçirdi.

Darazinda şäherçesinde bolan ýaragly çaknyşykda 17 başbozar täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Kulaçi şäherçesindäki ýaragly çaknyşykda hem 2 esgeriň ýogalandygy, 4 başbozaryň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Pakistanyň goşuny başbozarlaryň haýsy gurama degişlidigi barada maglumat bermedi.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada 6G-interneti synag etdiler
Eýranda Sil Apaty Sebäpli 3 Adam Ýogaldy
Eýran, Daşary Ýurtdan Kovid-19 Sanjymyny Almagy Bes Etdi
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi atly sergi geçirildi
Lebapda polisiýa bile oturan erkekleri gomoseksuallykda aýyplap, soraga çekýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watana gulluk etmek kakam üçin iň beýik mertebedi