Eýran, Daşary Ýurtdan Kovid-19 Sanjymyny Almagy Bes Etdi

Eýran, Daşary Ýurtdan Kovid-19 Sanjymyny Almagy Bes Etdi

Eýranyň Azyk we derman senagaty gullugynyň başlygy Behram Daraýi, täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen sanjymlaryň import edilmeginiň bes edilendigini aýtdy.

Daraýi, mesele hakynda beren beýannamasynda, ýurtda sanjymlama tapgyrynda ýetilen sepgit we ulanylýan sanjymlar hakynda maglumat berdi.

Habarçylardan biriniň “Daşary ýurtda Kovid-19 sanjymynyň satyn alynmagy gadagan edildimi?” diýen soragyna “Hawwa” diýip jogap beren Daraýi, “Daşary ýurtdan Kovid-19 sanjymynyň satyn alynmagy bes edildi. Üçünji doza sanjym hökmünde ýerli sanjyma ynam bildirýäris” diýdi.

Ýerli öndürijileriň aýda azyndan 15 million doza Kovid-19 sanjymyny öndürjekdigni ýatladan Daraýi, Eýranyň öndüren ýerli sanjymlarynyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan tassyklanmagy üçin degişli taýarlyklaryň görülýändigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watana gulluk etmek kakam üçin iň beýik mertebedi
Lebapda polisiýa bile oturan erkekleri gomoseksuallykda aýyplap, soraga çekýär
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi atly sergi geçirildi
Eýranda Sil Apaty Sebäpli 3 Adam Ýogaldy
AJAÝYP KÖÝTENDAG
Çilide dünýädäki iň gojaman daragt tapyldy