“Ysraýyl Hüjümlerini Dowam Etdirer. Hamasy Ýok Ederis”

“Ysraýyl Hüjümlerini Dowam Etdirer. Hamasy Ýok Ederis”

Ysraýylyň Daşary işler ministri Ysrael Kats, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň remezan aýynda Gazada hüjümleriň bes edilmegi meselesinde kabul eden kararyna garamazdan “Ysraýyl hüjümlerini dowam etdirer. Hamasy ýok ederis” diýdi.

Ysraýylyň harby goşuny Gaza garşy 172 günden bäri howadan, gury ýerden we deňizden guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi sebitde dartgynlygyň gowşamagy üçin 9-njy aprele çenli dowam etjek remezan aýynda Gazada hüjümleriň bes edilmegi barada möhüm karar kabul etdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Kats, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kabul eden karary hakynda durup geçdi.

Ministr Kats, "Ysraýyl hüjümlerini dowam etdirer. Hamasy ýok ederis, ysraýylly soňky ýesir boşadylýança söweşeris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Çagalar Seýilgähine Hüjüm Gurady
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
Ysraýylly Ministr Gaza Sektorynyň Dolulygyna Ýok Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi
ÝB, Ysraýyla Guran Hüjümleri Sebäpli Eýrana Sanksiýa Goýar
Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
NATO Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy
Ysraýyldan Liwana Howa Hüjümi Guraldy