Dürli ýurtlar Aýda uzak möhletli wezipeleri amala aşyrmak üçin mümkin tehnologiýalary gözlemegi dowam etdirýärler. Ýapon we Ysraýyl kompaniýalary Aýda kislorod öndürmäge gönükdirilen synag taslamasynda hyzmatdaşlyk ederler.
Kýodo agentliginiň habaryna görä, Ýaponiýanyň Ispace kompaniýasy bilen Ysraýylyň Helios şereketi Aýda kislorod öndürmäge gönükdirilen synag taslamasynda hyzmatdaşlyk ederler. Şoňa laýyklykda kompaniýalar Aýdan alnan topragy ýokary temperaturada eredip we elektrolizlemek arkaly kislorod öndürmäge synanyşarlar.
Ýaponiýanyň Ispace şereketiniň baş ýerine ýetiriji direktory Hakamada Takeshi taslama barada ýörite beýan berip: Taslama has köp oýunçyny bu bazara girmäge höweslendirer. - diýip belledi.
Ysraýylyň Helios kompaniýasynyň baş direktory Jonatan Geifman bolsa, Aý topragyndan kislorod öndürmegiň geljekdäki işler üçin möhümdigini aýtdy.
Taslamanyň çäginde Ysraýylyň Helios şereketi 1 tonna Aý topragyndan 250 kilogram kislorod almagy maksat edinýär.
Ýaponiýanyň Ispace kompaniýasy bolsa, 2023 2025-nji ýyllar aralygynda taslamany iki dürli döwürde tehniki enjamlar bilen üpjün eder.
