“Arsenaldan” soň “Bawariýa”

UEFA Çempionlar Ligasynda 6-njy duşuşyklaryň çäginde Münhen şäherinde geçirilen duşuşykda “Bawariýa” Portugaliýanyň “Sporting” toparyny 3-1 hasabynda ýeňdi.Oýunda myhmanlar 54-nji minutda Kimmihiň awtogoly bilen öňe saýlandy. Ýöne nemes topary hasaby deňlemekde, hatda öňe hem geçmekde gijikmedi. 65-nji minutda Serž Gnabri hasaby deňlese, 69-njy minutda Lennart Karl “Bawariýany” öňe çykardy. 77-nji minutda tapawutlanan Jonatan Ta oýna soňky nokady goýdy.

17 ýaşyndaky Karl Çempionlar Ligasynda 3-nji oýnunda 3-nji goluny derwezä girizdi. “Bawariýa” toparçalaýyn ýa-da liga tapgyrynda öz meýdançasynda 37 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Netijede, 6 oýnuň 5-sinde ýeňiş gazanan “Bawariýa” kluby “Arsenaldan” soň liga tapgyryny 24 toparyň hatarynda tamamlajak 2-nji topar boldy.

Ýene degişli makalalar

“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
“Bawariýa” 20 ýyldan soň 3-nji tapgyra çykyp bilmedi
“Bawariýanyň” berkidilen birinjiligi, Azmunyň ilkinji goly
16 duşuşyk 48 gol
“Bawariýany” durzup bolanok, 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär